Sungat mekdebiniň talyplarynyň Täze ýyl mynasybetli aýdym-sazly çykyşlary
Şu gün Arkadag şäherinde ýerleşýän baş arçada Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň talyplary özleriniň aýdym-sazly çykyşlary bilen tomaşaçylara baýramçylyk ruhuny paýladylar. Çykyşlaryň dowamynda talyplar ýerine ýetiren aýdym-sazlary bilen çagalarda we myhmanlarda uly täsir galdyrdylar.
Bu medeni çärede çagalar hem işjeň gatnaşyp, şadyýan pursatlary başdan geçirdiler. Çykyşlar Arkadag şäheriniň ýaşaýjylary üçin ýatda galyjy we ruhlandyryjy boldy.