Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň talyplary galamda surat çekmek boýunça synag tabşyrdylar

Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebinde okuw ýylynyň meýilnamasyna laýyklykda talyplaryň galamda surat çekmek boýunça synaglary geçirildi. Synagyň dowamynda talyplar özleriniň çeperçilik başarnyklaryny, kompozisiýa düşünjelerini hem-de şekil, kölege we proporsiýa boýunça alan nazary hem amaly bilimlerini üstünlikli görkezmegi başardylar.
Synag tabşyryklary talyplaryň ýaş aýratynlyklaryna we okuw derejesine laýyklykda taýýarlanyp, olaryň döredijilik ukyplarynyň ösdürilmegine gönükdirildi. Mugallymlar tarapyndan talyplaryň ýerine ýetiren işleri seljerilip, her bir işe degişli baha berildi.
Bu synag talyplaryň geljekde professional suratkeşlik ýolunda özlerini kämilleşdirmeklerine uly itergi berip, olaryň sungata bolan höwesini has-da artdyrdy.

Paýlaş

Salgymyz:

Arkadag şäheriniň Nury Halmämmedow köçesiniň 3-nji jaŷy

Telefon belgiler:
+993 12-57-19-24
Email:
sysm@sanly.tm