Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň talyplary Bitaraplyk binasynyň muzeýine syýahat etdiler
Arkadag şäherinde ýerleşýän Bitaraplyk binasyndaky muzeýda Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň talyplary üçin manyly syýahat guraldy. Bu syýahat talyplaryň watançylyk ruhuny pugtalandyrmak, Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasaty barada giňişleýin düşünje bermek maksady bilen geçirildi.
Syýahatyň dowamynda talyplar muzeýde ýerleşdirilen taryhy gymmatlyklary, fotosuratlary, resmi resminamalary hem-de ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk ýoluny şöhlelendirýän eksponatlary üns bilen synladylar. Olara Türkmenistanyň Bitaraplygynyň halkara derejesindäki ähmiýeti, parahatçylyk söýüjilikli syýasaty we dünýä döwletleri bilen hyzmatdaşlygy barada giňişleýin maglumat berildi.
Bu gezelenç talyplarda taryha, milli gymmatlyklara bolan gyzyklanmany artdyrmak bilen bir hatarda, olaryň ruhy dünýälerini baýlaşdyrdy we watana bolan söýgüsini has-da berkitdi.