Sportuň futzal görnüşi boýunça geçen bäsleşik

Ýaňy ýakynda Arkadag şäherinde ýerleşýän ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilen futzal boýunça bäsleşik sportuň bu görnüşine bolan gyzyklanmanyň artýandygyny we ýaşlaryň beden taýýarlygynyň ýokary derejesini görkezdi. Bäsleşigiň dowamynda toparlar özara çekeleşikli duşuşyklary geçirip, sport ussatlygyny, toparlaýyn agzybirligi hem-de ýeňşe bolan ygrarlylygyny äşgär etdiler.
         Şol bäsleşikde Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň topary aýratyn tapawutlanyp, birnäçe güýçli garşydaşlary ýeňip geçmegi başardy. Netijede, topar tutanýerli taýýarlygy, tertipli oýny we maksada okgunly çemeleşmesi bilen II orna mynasyp bolup, mekdebiň sport durmuşyndaky üstünliklerini ýene-de bir gezek subut etdi.

Paýlaş

Salgymyz:

Arkadag şäheriniň Nury Halmämmedow köçesiniň 3-nji jaŷy

Telefon belgiler:
+993 12-57-19-24
Email:
sysm@sanly.tm