Watan goragçylarynyň güni

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz diýarymyzda toýlar goşa-goşadan toýlanýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde halkymyz eşretli ýaşaýşyň hözirini görüp, bolelin durmuşda ýaşaýar. «At agynan ýerde toý bolar» diýýän pederlerimiziň arzuwlarynyň hasyl bolan ülkesinde 2026-njy «Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylymyz hem watanymyzy, halkymyzy şanly toýlara, zähmet üstünliklerine tarap okgunly alyp barýar. Bu günki gün ata-babalarymyzyň parasatly pentlerine eýerip, parahat ýurdumyzda asudalygy üpjün edýän merdana Watan goragçylarynyň güni baýram edip bellenilýär. Harby gullukçylaryň güni mynasybetli baýramçylyk çäreleri, ylmy-amaly maslahatlar ýokary derejede geçirilýär. Şeýle çäreleriň biri hem Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň sahnasynda geçirildi. Arkadag şäher häkimliginiň, Arkadag şäher harby we hukuk goraýjy edaralarynyň, we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Arkadag şäheriniň birleşmesiniň bilelikde guramagynda «Watan goragy mukaddes borç» ady bilen geçirilen baýramçylyk çäresi ýokary ruhubelentlige beslendi.
Mert pederlerimiz ata Watanyň her bir daban ýerini gözüniň göreji deý gorapdyrlar. Olaryň Watan ugrundaky söweşlerde görkezen gahrymançygy, mertligi, kasama wepalylygy, lebze ygrarlylygy şu günki türkmen ýigitlerine miras galan milli ruhly nusgalyk häsiýetlerdir. Asly halal ojakda kemala gelen her bir türkmen ykbal örküni, buýsançly geçmişini we ýagty geljegini ata Watanyna baglaýar. Ömrüni göbek gany daman ene topragyna baglaýan her bir türkmen Watanymyzyň şanyna-şan, şöhratyna-şöhrat goşýar. 
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başda durmagynda Watan goragynda sak durýan harby gullukçylaryň baýramy mynasybetli ýurdumyzyň dürli künjeklerinde döwrebap binalardyr desgalar açylyp ulanylmaga berilýär. Olaryň ýaşaýyş-durmuş derejeleri yzygiderli ýokarlandyrylýar. Dabaranyň barşynda bularyň ählisi barada giňişleýin söhbet edildi. Oňa gatnaşyjy harby we hukuk goraýjy edaralaryň wekillerine Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Arkadag şäheriniň birleşmesiniň adyndan baýramçylyk sowgatlary goşuryldy. Milli senedimiz bolan dutar-gyjagymyzda ýerine ýetirilen halk aýdymlary we Watanymyzy wasp edýän estrada aýdymlary diňleýjileriň göwünlerini galkyndyrdy. Şatlyk-şowhuna beslenen çäräniň ahyrynda türkmen halkyny bedew bady bilen aýdyň ýollardan ak ertirlere alyp barýan Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri ýaňlandy.
Gülälek AKMYRADOWA,
“ÜKÇSG” bölüminiň müdiri

Paýlaş

Salgymyz:

Arkadag şäheriniň Nury Halmämmedow köçesiniň 3-nji jaŷy

Telefon belgiler:
+993 12-57-19-24
Email:
sysm@sanly.tm