Hoşallyk maslahaty
Çarşenbe güni Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäherindäki Aba Annayew adyndaky Atçylyk Akademýasyna gelip At-myrat okuw merkezine gatnaýan ýaş atşynaslar bilen duşuşyp, didarlaşyp ýaş atşynaslarmyza häzirki wagtda ýaşlarda ahalteke bedewlerine bolan söýgi döretmek üçin ägirt uly işleriň alnyp barylýandygny ýaşlarmyzyň döwrebap bilim almagy, okuwdan boş wagtlaryny netijeli peýdalanmaklary üçin ähli şertler döredilýändigini belläp geçdi. Soňra Gahryman Arkadagymyz bu ýerden Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkine baryp, “Galkynyş”milli at üstündäki oýunlar toparyna ”Garaşsyz” diýen ahalteke bedewini sowgat berdi. Soňra Aba Annaýew adyndaky Arkadag şäherinde Atçylyk akademýasynda hoşallyk maslahaty geçirildi. Maslahata Sahy Jebarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň talyplaryndan düzülen orkestr topary gatnaşdy hem-de Görogly adyndaky Arkadag şäher döwlet atçylyk sirkinde sirk oýunlarynyň görkezilş dabarasyna Sahy Jebarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar.
“Üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary”
bölüminiň II ýyl talyby. Berdiýew Nowruz.