“Fortepiano” bölüminiň talyplarynyň sahnada ýerine ýetiriş ussatlygyny kämilleşdirmek maksady bilen...
Saz — ynsan ruhunyň iň inçe duýgularyny beýan edýän sözsüz dildir. Bu diliň iň kämil we iň baý gurallarynyň biri bolsa, şübhesiz, fortepianodyr. Fortepiano ussatlygy diýmek, diňe bir ak we gara klawişleriň üstünde barmaklaryňy çalt hereketlendirmek däl-de, eýsem guralyň ruhuna aralaşyp, ony ynsan sesi ýaly "gepletmegi" başarmakdyr. Hakyky ussat üçin “fortepiano” saz guraly onuň öz bedeniniň dowamy ýalydyr. Her bir sesiň öz agramy, öz reňki bolmalydyr. Ussat pianinoçy iň çylşyrymly eserleri hem hiç hili kynçylyksyz, örän ýeňillik bilen çalmagy başarýan adamdyr. Her bir saz eseri bir hekaýadyr. “Fortepiano” ussatlygy — şol hekaýany diňleýjä, sözsüz düşündirip bilmegidir.
Kompozitor notalary kagyz ýüzüne ýazanda, olaryň arasyna öz gussasyny, şatlygyny, umydyny we arzuwlaryny siňdirýär. Pianinoçynyň ussatlygy bolsa şol dymyp duran notalary janlandyrmakdan ybaratdyr. Ussat pianinoçy sazyň içinde "dem almagy", iň pes sesde ( piano) gürlemegi we iň güýçli sesde (forte) harasat goparmagy başarmalydyr. Ol her bir saza täze bir ömür berýär.Sahnada oturan pianinoçy üçin daşky dünýä ýok bolup, diňe sesleriň akymy galýar. Şol pursatda diňleýjileriň ýüregine baryp ýetýän her bir owaz, hakyky ussatlygyň miwesidir. Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň “Fortepiano” bölüminiň mugallymlary öz talyplaryny hakyky ussat edip ýetişdirmek, ýerine ýetirijilik ussatlygyny kämilleşdirmek maksady bilen gije-gündizini aýaman zähmet çekýärler. Fortepiano ussatlygy diňe bir özbaşdak zähmet däl, eýsem mugallym bilen talybyň arasyndaky ruhy baglanyşygyň netijesidir. Hakyky mugallym diňe bir notalary okatman, eýsem talybyň içki dünýäsini we saz duýuş ukybyny açyp görkezýän ýol görkezijidir. Mugallymyň ussatlygy talyba diňe "nähili çalmalydygyny" görkezmekde däl, eýsem "näme üçin şeýle çalmalydygyna" düşündirmekde ýüze çykýar. Mugallym talyba klawişlere diňe barmaklar bilen däl, eýsem tutuş göwräň, elleriň erkinligi we iň esasy hem gulagyň bilen erk etmegi öwredýär. Ol talybyň her bir kemçiligini sabyrlylyk bilen düzedip, ony uly sahna taýýarlaýar. Talybyň ussatlygy bolsa onuň diňlemek we öwrenmek ukybyndan başlanýar. Ol her bir asarda täze ses reňklerini tapmaga, öz ussatlygyny kämilleşdirmek üçin ýadawsyz türgenleşmäge borçludyr. Talybyň sahnada ussatlygyny açyp görkezmegi — bu köp ýyllyk zähmetiň, mugallymyň beren gymmatly maslahatlarynyň we talybyň öz içki zehininiň jemidir. Haçan-da talyp sahnada diňe notalary däl-de, öz ruhuny beýan edip başlasa, şonda ol hakyky saz ussadyna öwrülýär. Talyplaryň konsertdäki tejribe toplanyşy birnäçe möhüm tapgyrdan ybarat boldy. Talybyň sapakda örän gowy çalýan eseri sahnada başgaça ýaňlanyp biler. Konsert talyba öz emosiýalaryna erk etmegi öwredýär. Sahna çykan talyp tolgunmasyny döredijilikli energiýa öwrüp bilse, bu onuň hakyky artistlik tejribesiniň başlanmagydyr. Bu tejribe diňe köp gezek sahnaga çykmak arkaly gazanylýar. Tejribeli talyp diňe gurala we notalara däl, eýsem zalyň atmosferasyna hem üns berýär. Konsert wagtynda talyp özüniň çalýan sazynyň diňleýjä nähili täsir edýändigini duýmaga başlaýar. Bu pursatda ol diňe bir ses çykarmak däl, eýsem şol ses arkaly adamlaryň kalbyna ýol tapmak tejribesini toplap başlaýar. Sahnada garaşylmadyk ýagdaýlar bolup biler: birden notany ýatdan çykarmak, klawişleriň sesiniň başgaça eşidilmegi ýa-da zaldan gelýän üýtgeşik sesler. Şeýle pursatlarda säginmän, eseriň logikasyny ýitirmän dowam edip bilmek — talybyň iň gymmatly professional tejribesidir. Bu ukyba "sahna sowukganlylygy" diýilýär. Her bir fortepiano dürli ses berýär. Sapakdaky gural bilen konsert zalyndaky gural meňzeş bolman biler. Talyp sahnada birnäçe sekundyň içinde täze guralyň "häsiýetine" düşünmegi, onuň reňklerini tapmagy we pedaly oňa görä ulanmagy öwrenýär. Bu bolsa talybyň adaptasiýa (uýgunlaşma) tejribesini ösdürýär. Konsert gutarandan soň, talybyň öz çykyşyna obýektiw baha bermegi iň uly tejribe toplanyşydyr. "Haýsy ýerde gowy çaldym?", "Haýsy ýerde tehniki taýdan büdredim?", "Diňleýjiler haýsy bölümde has ünsli boldy?" — şu soraglara jogap tapmak talybyň indiki çykyşyny has kämil etmäge kömek edýär. Her bir konsert talyba diňe bir professional pianinoçy bolmaga däl, eýsem özüne ynamly, sahnanyň syrlaryna belet bolan hakyky şahsyýet bolmaga ýol açýar. Şol bir wagtyň özünde, ýaş zehinleriň kalbynda milli gymmatlyklarymyza we sungatymyza bolan buýsanjy berkidip, olary Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwrüniň hakyky watançylary hökmünde kemala getirýär.
Şol bir wagtyň özünde, ýaş zehinleriň kalbynda milli gymmatlyklarymyza we sungatymyza bolan buýsanjy berkidip, olary Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwrüniň hakyky watançylary hökmünde kemala getirýär. Bu ugurda Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda medeniýeti we sungaty ösdürmek, ýaş zehinleri ýüze çykarmak we olaryň dünýä derejesinde bilim almagyny üpjün etmek ugrunda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Döwlet Baştutanymyzyň: "Medeniýet halkyň kalbydyr" diýen pähimli sözlerinden ugur alyp, ýaşlaryň sahypasyny sungat bilen bezemek – diňe bir hünär öwretmek däl, eýsem, döwrüň talaplaryna jogap berýän, belent ruhly, Arkadagly Serdarymyzyň daşyna berk jebisleşen kämil nesli terbiýelemekdir.
“ Fortepiano”
bölüminiň bölüm müdiri Türjanowa Lälezar