DARYA Scaffold boýunça onlaýn konferensiýanyň dowam edýär
DARYA Scaffold taslamasy boýunça geçirilýän onlaýn konferensiýa häzirki wagtda üstünlikli dowam edýär. Maslahata Aşgabat şäherindäki syýahatçylyk orta hünär okuw mekdebi hünärmenler hem-de degişli ugurlar boýunça tejribeli işgärler gatnaşyp, taslamanyň ösüşi, mümkinçilikleri we geljekki ugurlary boýunça çykyş edýärler.
Konferensiýanyň dowamynda DARYA Scaffold ulgamynyň amaly ulanylyşy, maglumat alyş-çalyş mümkinçilikleri, sanly integrasiýa we sebitara hyzmatdaşlygy güýçlendirmek boýunça meseleler ara alnyp maslahatlaşylýar. Gatnaşyjylar öz tejribelerini paýlaşyp, täze çözgütler boýunça pikir alyşýarlar.
Maslahatyň dowamynda çykyşlar, panel duşuşyklary we sorag-jogap sessiýalary dowam edýär. Onlaýn görnüşde geçirilýän çäre gatnaşyjylara giň mümkinçilikleri döredip, halkara hyzmatdaşlygyny has-da berkitmäge hyzmat edýär.