Türkmenistanyñ halk artisti Atageldi Garýagdyýewiň Arkadag şäher ýörite sungat mekdebine döredijilik sapary
2026-njy ýylyň 25-nji fewralynda Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebinde aýratyn manyly we ýatdan çykmajak döredijilik duşuşygy geçirildi. Bu gün sungat ojagynyň myhmany hökmünde ýurdumyzyň sungat äleminde uly sarpa eýe bolan, Türkmenistanyñ halk artisti Atageldi Garýagdyýew gatnaşdy.
Duşuşyk mekdebiň talyplary üçin hakykatdan-da ruhy baýlyga öwrüldi. Halk artisti öz döredijilik ýolundan gürrüň berip, sahna medeniýeti, ýerine ýetirijilik sungaty we zehini ösdürmegiň ýollary barada gyzykly gürrüňleri bilen çykyş etdi. Şeýle-de ol dürli kompozitorlaryň eserlerinden birnäçe aýdymlary ýerine ýetirip, ýaşlaryň ýüreklerine ylham we döredijilik joşguny çaýdy.
Atageldi Garýagdyýewiň ýerine ýetiren aýdymlary talyplaryň gyzgyn el çarpyşmalaryna mynasyp boldy. Ýaş zehinler üçin bu çykyş diňe bir sungatyň güýjüni duýmaga däl, eýsem, öz ugrundan has-da ruhlanmaga mümkinçilik berdi.
Duşuşygyň ahyrynda talyplar halk artistine öz minnetdarlyklaryny bildirip, oňa ýadygärlik sowgatlaryny gowşurdylar. Bu pursat myhmanyň hem, talyplaryň hem ýürekden syzyp çykýan hoşallyk duýgulary bilen bezelip, sungatyň nesilleri birleşdirýän güýjüni ýene bir gezek görkezdi.
Arkadag şäher ýörite sungat mekdebinde geçirilen bu döredijilik duşuşygy ýaşlaryň sungata bolan söýgüsini artdyrmakda, olaryň döredijilik ukybyny ösdürmekde möhüm ähmiýete eýe boldy. Şeýle çäreler geljekki sungat ussatlarynyň kemala gelmegine güýçli itergi berýär.