Wagyz-nesihat duşuşygy

Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň kitaphanasynyň gurnamagynda. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýiti zehininden dörän “Türkmenistanyň Bitaraplygy – parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly” atly kitaby bilen bagly talyp ýaşlaryň arasynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Çykyş edenler Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň “Türkmenistanyň Bitaraplygy – parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly” atly gymmatly kitaby nesillerimize watansöýüjilik, ynsanperwerlik, halallyk ruhunda terbiýelemekde bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdyr diýip bellediler. Hormatly Prezidentimiziň öňki ajaýyp kitaplary bolan “Ýaşlar – Watanyň daýanjy”, “Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet”, “Magtymguly – dünýäniň akyldary” atly kitaplarynyň üstüni ýetiren “Türkmenistanyň Bitaraplygy – parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly” atly ajaýyp kitaby hem 9 bölümden ybarat bolup, onda türkmen Bitaraplygynyň geçen ýolunyň, ýurdumyzyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamalary bilen üç gezek ykrar edilen Bitaraplyk hukuk derejesiniň dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekdäki ähmiýetiniň giňden beýan edilendigini nygtadylar. Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň hemioşelik Bitaraplygy 30 ýylyň içinde özboluşly ösüş ýoluny geçip, sebit we ählumumy derejede durnuklylygy üpjün etmekde ähmiýetli gurala öwrüldi. Şeýle hem çykyşlarda ýurdumyzyň Bitaraplyk syýasatynyň häzirki zaman durmuşynyň ähli ugurlaryny öz içine alýan netijeli halkara hyzmatdaşlygyň ygtybarly binýady hökmünde ykrar edilendigi barada aýdyldy.
Çykyş edenler Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkymyza baýramçylyk mynasybetli sowgat eden kitabynyň dürli ulgamlarda işleýän hünärmenler, diplomatlar, halkara hyzmatdaşlygyň möhim meselelerini öwrenýän alymlar, žurnalistler, biz kitaphanaçylar üçin gymmatly gollanma boljakdygyna ynam bildirdiler.

Paýlaş

Salgymyz:

Arkadag şäheriniň Nury Halmämmedow köçesiniň 3-nji jaŷy

Telefon belgiler:
+993 12-57-19-24
Email:
sysm@sanly.tm