Ýylyň zenany atly bäsleşigiň jemleýji tapgyry
"Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany" ýylynda Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda zenanlara goýulýan sarpa, ata-baba ýol-ýörelgelerimizden, milli däp-dessurlarymyzdan, ruhy gymmatlyklarymyzdan ugur alýar.Ýurdumyzyň bagtyýar zenanlarymyzyň başarnygyny we ukybyny açyp görkezmek maksady bilen, Watanymyzyň, halkymyzyň öňünde guwandyryjy işleri bitirýän zenanlaryň arasynda yglan edilen "Ýylyň zenany" atly bäsleşigiň jemleýji tapgyryda Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň mugallymy Merjen Hojagulyýewa Türkmenistanyň Prezidentiniň sowgadyna hem hormat hatyna mynasyp boldy.