"Halypa sarpasy” atly gepleşiginde “Halypa şägirtlik ýoly ömürlere nusgalyk" atly doredijilik duşuşygy

   Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe, 2026 – njy ýyl “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – Bedew batly at – myradyň mekany” diýlip atlandyrylan ýylymyzda, ýurdumyzda halypalara, ýazyjy-şahyrlarymyza, bagşy-sazandalarymyza uly sarpa goýulýar. Şonuň üçin hem ençeme duşuşyklar, şygyrýet agşamlary yzgiderli gurnanylýar. Şol duşuşyk agşamlarynyň, ajaýyp söhbetdeşlikleriň biri hem güýzüň hem – de ýazyň şahyry bolan Gurbannazar Ezizowe bagyşlanyp, Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň, Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň hem – de “Arkadag” teleýaýlymynyň bilelikde gurnamagynda Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda geçirildi. Söhbetdeşlige halypa şahyryň gyzy Ýazgül Ezizowa Gurbannazarowna gatnaşdy we Gurbannazar Ezizowyň döredijiligi, ömür ýoly baradaky gyzykly gürrüňleri talyp ýaşlarymyza aýdyp berdi. Söhbetdeşligiň dowamynda talyplar hem özlerine gyzykly bolan sowallary Ýazgül Ezizowa Gurbannazarowna berdiler we gerekli bolan maglumatlary aldylar. Şeýle hem galam ýöretmek bilen meşgullanýan talyplarymyz Rahat Babaýew hem – de Altynaý Ataýewa özleriniň halypa şahyrymyz Gurbannazar Ezizowe bagyşlap ýazan setirlerini ýürekden okap berdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda Ýazgül Ezizowa Gurbannazarowna Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasyna gelip, öz kakasy baradaky ajaýyp gürrüňleri berenligi üçin çäksiz sagbolsunlar aýdyldy.
      

Paýlaş

Salgymyz:

Arkadag şäheriniň Nury Halmämmedow köçesiniň 3-nji jaŷy

Telefon belgiler:
+993 12-57-19-24
Email:
sysm@sanly.tm