Halkara zenanlar guni mynasybetli baýramçyllyk konserti

   Düýn Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatyrynda Sahy Jebarow adyndaky Arkadag şäher yörite sungat mekdebiniň orkestriniň Dirižýory G.Saparalyýewiň Mugallymlaryndan hem-de talyplardan düzülen,”kalbyň owazlary” atly 8-nji mart-Halkara zenanlar güni mynasybetli baýramçylyk çykyş ýerine ýetirildi. Oňa Şükür bagşy adyndaky Arkadag şäher çagalar sungat mekdebiniň hor topary hem gatnaşdy. Kamera orkestrinde meşhur Türkmen kompozitoryň hem-de daşary ýurt kompozitoryň sazlaryny ýerine ýetirdiler. Olardan ”Kiçijik Momontyň Aýdymy” multifilminden. Saz: Wladimir Şainskiniňki. ”Gyzlaryma” Sözleri: Gurbanazar Ezizowyňky. Sazy: Daňatar Hydyrowyňky. ”Sary gelin” Azerbaýjan halk aýdymy. ”Oýunjak” kinofiliminden parça. Sazy:Wladmir Kosmanyňky. “Şükür Bagşy”kinofiliminden bir parça. Sazy:Nury Halmämmedowyňky. ”Titanik” kinofiliminden parça. ”Sözsüz söýgi” kinofiliminden parça sazlary ”Arkadag şäheri” Sözleri: Gurbangül Makenowanyňky. Sazy:Atamyrat Bäşimowyňky sazlary ýerine ýetirdiler. Şular ýaly mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza Arkadagly Gahryman Serdarymyza minetdarlygymyzy bildirýäris.

Nowruz BERDIÝEW,
 “Üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary” bölüminiň II ýyl talyby.

Paýlaş

Salgymyz:

Arkadag şäheriniň Nury Halmämmedow köçesiniň 3-nji jaŷy

Telefon belgiler:
+993 12-57-19-24
Email:
sysm@sanly.tm