Nagyşlardan gelen ykbal.
“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan- bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda ösüşleri bedew batly Arkadag şäheri” Gahryman Arkadagymyzyň ,Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallasy netijesinde ýurdumyz ösüşleriň aýdyň ýolunda ynamly öňe barýar.Şeýle ösüşleriň mysaly hökmünde, Türkmenistan döwletimiziň ähli ýerinde birnäçe dabaraly çäreler alnyp barylýar.Şol aýdym- sazly,şowhunly çäreleriň biri-de ,Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň “Dizaýn”bölüminiň 3-nji ýyl talyby Töräýewa Mahymyň gurnamagynda ,ajaýyp bahar paslynyň gelmegi bilen, 8-nji mart-Halkara Zenanlar güni”mynasybetli “Nagyşlardan gelen ykbal”atly şahsy sergisiniň açylyşy boldy.Ol özüniň döredijilik sergisinde pasyllaryň soltany baharyň reňk öwüşginlerini özünde jemleýän türkmen milli lybaslary,dürli akril reňkleri we interýer-dizaýn maketleri,bezeg surat işleri, şeýle-de grafika eserleri bilen sergä gelenlerde üytgeşik ýakymly täsir döretmegi başardy.Mekdebimiziň ýolbaşçylary ,mugallymlary we talyplary döredijilikli işleri synlap ähli-enelerimizi,gelin-gyzlarymyzy “8-nji mart-Halkara Zenanlar güni”baýramyny gutlap, şeýle ajaýyp sergi üçin, gutlag sözlerini we sagbolsunlaryny aýtdylar.
“Nakgaş we dizaýn “bölüminiň mugallymy
Hojanýazowa B.