Wagyz-nesihat duşuşygy

2026-njy ýylyň 12-nji martynda Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebinde degişli işgärleriň gatnaşmagynda talyplar üçin wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Geçirilen çäräniň dowamynda talyplara ýaşlaryň terbiýesi, jemgyýetçilik düzgünlerini berjaý etmek, ýokary ahlak gymmatlyklaryny gorap saklamak hem-de ýurdumyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşmak ýaly möhüm meseleler barada giňişleýin düşündirişler berildi. Şeýle hem ýaşlaryň bilim almakda yhlasly bolmagy, döredijilik ukyplaryny ösdürmegi hem-de milli däp-dessurlarymyza hormat goýmagy baradaky maslahatlar paýlaşyldy.
Çäräniň maksady ýaşlaryň arasynda ýokary medeniýeti, jemgyýetçilik tertibini hem-de watansöýüjilik duýgusyny berkitmekden ybarat boldy. Wagyz-nesihat duşuşygy talyplar tarapyndan gyzyklanma bilen garşy alnyp, olar özlerini gyzyklandyrýan sowallar boýunça pikir alyşdylar.
Şeýle çäreleriň yzygiderli geçirilmegi ýaşlaryň bilim-terbiýe derejesini ýokarlandyrmakda möhüm ähmiýete eýedir.

Paýlaş

Salgymyz:

Arkadag şäheriniň Nury Halmämmedow köçesiniň 3-nji jaŷy

Telefon belgiler:
+993 12-57-19-24
Email:
sysm@sanly.tm