Arkadag şäherinde türkmen halkynyň Milli Lideriniň gatnaşmagynda ählihalk bag ekmek dabarasy geçirildi

Nowruz baýramynyň ilkinji günlerinde Türkmenistanyň ähli künjeklerinde bolşy ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideriniň yhlasyndan binýat bolan Arkadag şäherinde ählihalk bag ekmek dabarasynyň ýazky möwsümine badalga berildi.
 «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Halkara Nowruz gününiň giňden bellenilýän pursatlarynda bu ählihalk dabarasyna Gahryman Arkadagyň gatnaşmagy bu ýerde geçirilen umumy milli çäräniň derejesini we ähmiýetini belende göterdi.
 Türkmen halkynyň Milli Lideri bag nahalyny oturdyp, sogaply işe badalga berdi. Bu asylly işe Gahryman Arkadagyň körpe nesil bilen bile badalga bermegi ýurtda peder-perzent mekdebiniň asylly ýörelgeleriniň rowaç alýandygynyň aýdyň beýanyna öwrüldi. Ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşýanlar Gahryman Arkadagyň başlangyjyndan ruhlanyp, bag nahallaryny ekmäge girişdiler.
 Dabaranyň hasda şowhynly, aýdym-sazly geçmegine Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň mugallymlary, talyplary hem özleriniň goşandyny goşdylar. 

Paýlaş

Salgymyz:

Arkadag şäheriniň Nury Halmämmedow köçesiniň 3-nji jaŷy

Telefon belgiler:
+993 12-57-19-24
Email:
sysm@sanly.tm