Bedew batly zamanamyzyň bagtyýar zenanlary

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda türkmen zenanlaryna bagtyýar döwrüň ösüşine öz goşantlaryny goşup,okamaga,döretmäge giň mümkinçilikler döredilendir. Türkmen zenanlarynyň, gyz-gelinleriniň edep ekramlylygyny, sözleýiş medeniýetini, el işlerini, maşgala mukaddesligini, ene-mamalarymyzdan gelýän ýol-ýörelgelerimizi, milliligimizi ýaş nesillere ýaýbaňlandyrmak maksady bilen yzygiderli çäreleri geçirilip durylýar.
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at – myradyň mekany» ýylynyň her bir ajaýyp güni şatlykly wakalar bilen utgaşyp gelýär. Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebinde Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň hemde Arkadag şäher Zenanlar bölüminiň gurnamagynda “Bedew batly zamanamyzyň bagtyýar zenanlary” atly okuw- maslahaty geçirildi. Bu maslahatda zenanlar guramalarnyň alyp barýan işleri barada şeýlede, ýaş nesilleri ene-mamalarmyzdan häzirki güne çenli gelip ýeten edep- terbiýäniň üsti bilen ýaşlary gowy endiklere ruhlandyrmak babatda nygtalyp geçildi. Çykyş edenleriň her bir aýdan manyly, çuň gürrüňleri maslahata gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy.
 Eneleriň arzuwynyň hasyl bolýan ýurdynda ýaşaýan her bir zenan bagtlydyr! Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Halkymyza daýanyp halkymyzyň hatyrasyna alyp barýan uly döwletli işleri mydama rowaç alsyn!

                          


                                  Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň
                                   Ilkinji Zenanlar guramasynyň başlygy: Gülendam Hapyzowa

Paýlaş

Salgymyz:

Arkadag şäheriniň Nury Halmämmedow köçesiniň 3-nji jaŷy

Telefon belgiler:
+993 12-57-19-24
Email:
sysm@sanly.tm