Baýramçylyk dabarasy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda ýaş nesilleriň sagdyn bedenli, sagdyn ruhda terbiýelenmegi üçin uly aladalar edilýär. Ýaňy ýakynda Gurbanguly Berdimuhammedow  adyndaky howandarlyga mätäç çagalaryň haýyr-sahawat gaznasynyň 5 ýyllygy mynasybetli Arkadag şäherinde “Arkadag binasynda” döwlet derejesinde uly baýramçylyk dabarasy geçirildi.
Bu dabara ýurdumyzyň tanymal aýdymçylary, belli tans toparlary, çagalar tans toparlary, çagalar hor toparlary gatnaşdylar.
Baýramçylyk dabarasy şatlyk- şowhuna beslendi. Ýurdumyzyň estrada ýyldyzlarynyň şeýlede, Gurbanguly Berdimuhammedow  adyndaky howandarlyga mätäç çagalaryň sagaldyş- dikeldiş merkezinde bejergi alýan çagalaryň ýerine ýetirmeginde  ajaýyp aýdymlar ýaňlandy.Bu ajaýyp aýdymlar dabaranyň ruhuny hasda artdyrdy. “Arkadag şäheriniň birleşen tans toparynyň” düzüminde Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň talyplary gatnaşdylar we birnäçe tanslar bilen çykyş etdiler.


     Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher 
     ýörite sungat mekdebiniň Ilkinji Zenanlar guramasynyň başlygy:          G.Hapyzowa

Paýlaş

Salgymyz:

Arkadag şäheriniň Nury Halmämmedow köçesiniň 3-nji jaŷy

Telefon belgiler:
+993 12-57-19-24
Email:
sysm@sanly.tm