“Türkmen bedewiniň milli baýramy ”mynasybetli geçirilen sergi

“Garaşsyz ,baky Bitarap  Türkmenistan bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda ýurdumyzda her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesi “Türkmen bedewiniň milli baýramy ” uludan  dabaralanýar.Şu gün aprel aýynyň 11-ne Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebinde  “Nakgaşçylyk , Dizaýn we Çeper dokaýyş” bölüminiň  talyplarynyň ýerine ýetirmeginde baýramçylyk sergisi gurnaldy.Sergide esasan türkmen ahal-teke bedewleriniň keşbini,Watanymyzyň jana ýakymly ,arassa howaly tebigaty bilen baglanyşdyryp,bedew bady bilen öňe barýan ,Türkmenistan ýurdumyzyň ösüşlerini açyp görkezýän, döredijilikli işleri esasy orun aldy.Ady äleme dolan, türkmen ahal-teke bedewlerimiziň batly gadamlaryny,şöhratly wakalaryny giňden wasp etmekde  gyzgalaňly pursatlary örän çeperçilik bilen ýerine ýetirilipdir.Şeýle-de baýramçylyk we täze döredijilik sergisiniň açylmagy mynasybetli mekdebimiziň “Kirişli saz gurallar” bölüminiň talyplarynyň ýerine ýetiren sazlary döredijilik sergä has-da milli öwüşgin berdi. Bu döredijilik sergide mekdebiň ýolbaşçylary,hünär öwredýän ussat mugallymlary çykyş etdiler.Şu pursatda türkmen halkynyň goşa ganaty,göz guwanjy ahal-teke bedewlerimizi dünýä ýüzüne tanadýan Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyza,Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýuregimden minnetdarlygymyzy bildirýärin.Goý ,Olaryň janlary sag ,ömürleri uzak ,tutýan tutumly işleri hemişe rowaç bolsun!

Dizaýn bölüminiň mugallymy Hojanýazowa B.

Paýlaş

Salgymyz:

Arkadag şäheriniň Nury Halmämmedow köçesiniň 3-nji jaŷy

Telefon belgiler:
+993 12-57-19-24
Email:
sysm@sanly.tm