Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany
Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň “Fortepiano” bölüminiň 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilmegi mynasybetli, ýaşlaryň arasynda döredijilik duşuşygy geçirildi. “Fortepiano” bölüminiň Türjanowa Lälezar, Ýazpoladowa Aknabat, Gapurow Gurbanaly mugallymlarynyň talyplaryndan düzüldi. Konserdiň dowamynda N.Halmämmedowyň, S.Rahmaninowyň, F.Şopeniň, B.Hudaýnazarowyň, L.W.Bethoweniň, F.Listiň, M.Annamyradowyň hem-de Ç.Nurymowyň dünýä belli sazlary ýaňlandy.Talyplar konsertda çykyş etmekleri bilen köp tejribeleri gazandylar. Sahna çykan talyplar tolgunmasyny döredijilikli energiýa öwrüp bilip, bu olaryň hakyky artistlik tejribesiniň başlanmagy boldy. Tejribeli talyplar diňe gurala we notalara däl, eýsem zalyň atmosferasyna hem üns berdiler. Konsert wagtynda talyplar özüniň çalýan sazynyň diňleýjä nähili täsir edýändigini duýmaga başladylar. Talyplar bu pursatda diňe bir ses çykarmak däl, eýsem şol ses arkaly adamlaryň kalbyna ýol tapmak tejribesini toplap başladylar.
Şol bir wagtyň özünde, ýaş zehinleriň kalbynda milli gymmatlyklarymyza we sungatymyza bolan buýsanjy berkidip, olary Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwrüniň hakyky watançylary hökmünde kemala getirmek ugrunda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda medeniýeti we sungaty ösdürmek, ýaş zehinleri ýüze çykarmak we olaryň dünýä derejesinde bilim almagyny üpjün etmek ugrunda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Döwlet Baştutanymyzyň: "Medeniýet halkyň kalbydyr" diýen pähimli sözlerinden ugur alyp, ýaşlaryň sahypasyny sungat bilen bezemek – diňe bir hünär öwretmek däl, eýsem, döwrüň talaplaryna jogap berýän, belent ruhly, Arkadagly Serdarymyzyň daşyna berk jebisleşen kämil nesli terbiýelemekdir.
“ Fortepiano” bölüminiň
II ýyl talyby Nepesow Gurbandurdy