Wagyz-nesihat çäresi
20-nji aprelde mekdebiň “Üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary” bölüminiň talyplary bilen ýaşlaryň aňyna ters täsir edýän internet maglumatlarynyň ýaýradylmagy bilen bagly hukuk bozulmalarynyň öňüni almak, ýaşlaryň arasynda millilige gabat gelmeýän hereketlere ýykgyn etmegiň öňüni almak, şeýle hem ýaşlary edep-terbiýesine ýaramaz täsir edýän internet ulgamyndaky audio-wideo we beýleki görnüşdäki maglumatlardan goramak hem-de şeýle maglumatlaryň ýetirýän ýaramaz täsirlerini düşündirmek maksady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Häzirki döwürde internet ýaşlaryň durmuşynyň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Şol bir wagtyň özünde mümkinçiliklere garamazdan, internetde ýaşlaryň aňyna ters täsir edip biljek zyýanly maglumatlar hem bar. Şonuň üçin bu meselä dogry düşünmek we dogry çemeleşmek möhümdir. Internetdäki zyýanly, nädogry we edepsiz mazmunly maglumatlar ýaşlaryň dünýä garaýşyny bulaşdyryp, olaryň dogry pikirlenmegine päsgel berip biler. Ýaşlaryň psihologiýasyna, olaryň özüni alyp barşyna ýaramaz täsir ýetirip biler. Netijede, ýaşlarda agressiwlik, biperwaýlyk ýa-da nädogry gylyk-häsiýetler emele gelip biler.
Sosial torlarda köp wagt geçirmek endigi hem örän zyýanly. Mysal üçin TikTok, Instagram ýa-da YouTube ýaly platformalarda wagt çenden aşa köp sarp edilende, talyplaryň okuwyna, ukysyna we umumy saglygyna ýaramaz täsir edýär. Şu sebäpli ýaşlar internetden peýdalananda seresap bolmak, maglumatlary barlap görmek, nätanyş adamlara ynanmazlyk ýaly düzgünleri berjaý etmelidir. Şeýle-de wagty dogry sarp edip, interneti diňe peýdaly maksatlar üçin ulanmak endigini ösdürmek zerurdyr.
Internet güýçli guraldyr: ol ýa peýdaly, ýa-da zyýanly bolup biler. Hemme zat ony nähili ulanýandygymyza bagly. Şonuň üçin ýaşlar interneti akylly-başly ulanmagy öwrenmeli we özlerini zyýanly maglumatlaryň täsirinden goramagy başarmalydyrlar.
Bularyň ählisi barada wagyz-nesihat çäresinde dowamynda giňişleýin gürrüň edildi.
Gülälek AKMYRADOWA,
«Üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary» bölüminiň müdiri.