Sungatyň serhetsiz dünýäsinde

        Sungat meniň üçin diňe bir reňkler ýa-da çyzyklar däl, eýsem  içki dünýämiziň dünýä bilen gürleşýän dilidir.Bu dilde gürlemek we düşünilmek her bir döredijilik adamsy üçin  iň uly bagt bolsa gerek.Ynha ,şol bagtly pursatlaryň biri hem golaýda Hytaýyň Pekin şäherinde geçirilen “We are the world”atly halkara sungat bäsleşigi geçdi.Meniň üçin bäsleşige gatnaşmak diňe bir bäsleşmek däl-de , eýsem öz döredijilijk ýolumy halkara derejesinde synap görmekdi.Çekilen zähmet we sarp edilen wagtyň netijesinde  bu bäsleşikde “Kompozisiýanyň ussady” diýen ada mynasyp görülmegim meniň üçin diýseň uly buýsanç boldy.
      Kompozisiýa – bu durnuklylyk bilen üýtgeşikligiň, reňk mazmunyň sazlaşygydyr. Şol sazlaşygy tapyp bilmek we halkara emin-agzalara ýetirip bilmek ,meniň geljekki döredijilik ýoluma has-da uly ylham berdi .Bu halkara şahadatnama baýragynyň maňa Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebinde ýolbaşçylarymyz we halypalarymyz tarapyndan dabaraly ýagdaýda gowşurylmagy ýatdan çykmajak pursatlardan biri boldy.Sungatymyzy we döredijiligimizi dünýä ýaýmak ugrunda zähmet çekýän Gahryman Arkadagymyzyň,Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun,ömürleri uzak bolsun!



Nakgaşçylyk bölüminiň  2-nji ýyl talyby 
                                                                Annanurowa Gülnabat 

Paýlaş

Salgymyz:

Arkadag şäheriniň Nury Halmämmedow köçesiniň 3-nji jaŷy

Telefon belgiler:
+993 12-57-19-24
Email:
sysm@sanly.tm