Baýramçylyk dabarasy

26-njy aprel güni Arkadag şäherinde Türkmen bedewiniň baýramy uly dabaralar bilen bellenilip geçildi. Bu baýramçylyk mynasybetli şäherde dürli medeni çäreler, aýdym-saz çykyşlary we tanslar guraldy.
Baýramçylyga Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň talyplary hem işjeň gatnaşdylar. Mekdebiň talyplary tarapyndan taýýarlanan aýdym-saz we tans toparlary tomaşaçylara ýokary derejeli çykyşlaryny hödürlediler.Olaryň ýerine ýetiren çykyşlary baýramçylygyň şowhunyny has-da artdyrdy we gatnaşyjylarda ýakymly täsir galdyrdy.
Baýramçylyk dabarasynyň ahyrynda bolsa mekdebiň talyplary tarapyndan ýerine ýetirilen “Küşt depdi” aýdym-sazy bilen çäre jemlendi. Bu çykyş baýramçylygyň iň täsirli pursatlarynyň biri bolup, tomaşaçylaryň gyzgyn el çarpyşmalaryna mynasyp boldy.

Paýlaş

Salgymyz:

Arkadag şäheriniň Nury Halmämmedow köçesiniň 3-nji jaŷy

Telefon belgiler:
+993 12-57-19-24
Email:
sysm@sanly.tm