OGLAN BAGŞY AÝDYM AÝTSA

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli sungatymyzyň we onuň aýrylmaz bölegi bolan aýdym-sazymyzyň gadymdan gelýän däpleri dikeldildi.  Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň: “Men türkmen mukamlaryny diňlänimde, özümiň türkmendigime buýsanýaryn” diýen  gyzyla gaplaýmaly  sözleri aýdym-saza  teşne göwünleri galkyndyrýar, türkmen dutarynyň şirwan perdelerinden çykýan owazlara  aýratyn sarpa goýýandygyna şaýatlyk edýär. Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz milli medeniýetimizi belentliklere galdyrmak, döredijilik işgärleriniň tejribelerini, başarnyk  ussatlyklaryny artdyrmak niýeti bilen ýurdumyzyň içinde köp ugurly halkara maslahatlaryny, medeniýet günlerini geçirmäge hemaýat berýär. Hormatly Prezidentimiziň il-ýurt baradaky edýän aladalary hiç bir adamdan sowa geçenok. Şol sanda döredijilik işgärleriniň ussatlyklarynyň ösüp, ylhamlarynyň açylyp, joşgunlarynyň artmagy üçin medeniýete, sungata goýýan belent sarpasy depäňi göge ýetirýär. Ýurt baştutanmyzyň nygtaýşy ýaly, döredijilikli işlemek üçin döwlet  tarapyndan zerur şertler döredilýär. Mähriban ýurt Baştutanymyzyň adalatly belleýşi ýaly, bu ulgamda edilmeli işler juda köp. Şonuň üçin Hormatly Prezidentimiz döredijilige täzeçe çemeleşmegiň anyk ýollaryny salgy berdi. Medeniýetdir sungatymyzda öçmejek yz galdyran ussatlarmyzyň döredijilik ýollaryny düýpli öwrenip, ata-baba gelýän halypa-şägirt mekdebiniň döwrebap dowam etdirilmegini nygtady. Türkmen aýdym-saz sungatyny ösdürmek üçin Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen “Owaz” radioýaýlymy, “Türkmen owazy”, “Arkadag” teleradioýaýlymlary arkaly gije-gündiziň dowamynda şirin mukamlardyr aýdymlar ýaňlanyp, halkymyzda ruhy galkynyş döredýär. Hormatly Prezidentimiziň sungata, medeniýete näderejede gadyr-gymmat goýýandygyny ýene bir mysaldan bilmek bolýar. 2009-njy ýylyň  Iýun aýynyň 27-sinden bäri Türkmenistanyň medeniýet we sungat işgärleriniň  gününiň döwlet derejesinde bellenip geçilmegi ýurdumyzda bu ugruň wekillerine uly sarpa goýulýandygyny gorkezýär. Ol halkymyzyň medeniýetiniň ösüşini alamatlandyrýar, her-bir sungat işgäriniň öňünde uly wezipeler goýýar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde türkmen sazy dünýä ýüzünde ýaňlanýar. Halypa şägirtlik ýoly dikeldilip olaryň ömri-döredijiligi giňden öwrenilýär. Şeýle ussatlaryň biri Ahal bagşyçylyk ýolunyň düýbini tutujy, ägirt halypa Sahy Jepbarowdyr. Sahy Jepbarow  1905-nji ýylda Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Ýaňgala obasynda Jepbarberdi agalaryň maşgalasynda  dünýä inýär. Oňa Sahyberdi diýip, at goýýarlar. Sahy ady  ýörgünli bolansoň, onuň adynyň yzyndaky Berdi goýulmasy öz-özünden aýrylypdyr. Ol eýýäm bäş ýaşyndaka onuň aýdym-saza bolan ukyby bildirip başlapdyr. Çünki, ol nirede aýdym-saz edilse, şol ýere ymtylýar ekeni. Ony ilki saza gönükdiren agasy Allaberdi aga bolupdyr. Soňra öz daýysy, şol wagtlar belli bagşy bolan, Şyhdurdy agadan saz öwrenýär. Daýysy orta çykyp, aýdym aýdyp, saz çalyp ýören adam bolupdyr. Ol daýysynyň aýdym-sazyny diňläp keýpden çykýar eken. Ýegeniniň aýdym-saza bolan ukybyna haýran galypdyr. Şonuň üçin ol Saha kiçijik dutar getirip berip, oňa saz öwredip, başlapdyr. Şeýlelikde, meşhur bagşynyň ilkinji halypasy öz daýysy bolýar. Türkmen aýdym-sazyny oňat bilýän Şyhdurdy aga kakuwy kyn bolmadyk sazlaryň ençemesini ýegenine öwredipdir. Geljekki bagşynyň öwredilýän aýdym-sazlara tiz ökdelemegi onda uly täsir galdyrypdyr we onuň gelejegine uly ynam döredipdir.  Bir-iki aýda onuň körpe şägirdi birnäçe aýdym-sazlary öwrenipdir. Ýedi ýaşy dolanda bolsa, Sahy oba mekdebinde okap başlapdyr. Bu ýerde hem ol öz zehinini görkezipdir. Mollasy dersi bir sapar öňünden geçdigi, yz ýanyndan ýatdan gaýtalap biler ekeni. Onuň ýatkeşligine mollasy hem haýran galypdyr. Sahynyň il öňindäki çykyşy şol wagtlar, ýagny ýedi ýaşynda başlapdyr. Daýysy Şyhdurdy aga ony iliň hormatlaýan adamlarynyň biri bolan Myratberdi diýen adamyň toýunda ilkinji sapar aýdym aýtdyrypdyr. Ilkinji toýdan Sahy daýysy bilen örän şadyýan gelipdirler. Olaryň elleri toý düwünçeklidi. Sahynyň doganlary bolsa, ýaşajyk bagşynyň töweregini gurşap alyp, olar düwünçekdäki halwany, kişmişi, hurmadyr gandy paýlaşýardylar. Ýaşajyk Sahy öz oglan sesi bilen aýdym aýdyp, köpçilige hezil berip başlapdyr. Şeýdibem ol çagalykdan “Oglan bagşy” adyny alýar. Ony toýdan-toýa çagyryp başlapdyrlar. Ilki-ilkiler oglan bagşyny gelinalyja äkidip, atyň üstünde aýdyma gygyrdar ekenler. Ýagny obanyň jahyllary ony atyň öňüne alyp, gelin alynýan öýüň gapysynda çekiwli aýdymlar aýtdyrypdyrlar. Onuň näzik çaga sesi diňläni bendi edýän ekeni. Gelinalyjynyň şowhunyna şowhun goşýar ekeni. Oglan bagşynyň zehinine bütün oba guwanypdyr. Aý-aýlanyp ýyllar geçýär. Ýaňy ýigit ýeten çaglary ol sözüň doly manysynda bagşy bolyberipdir. Şondan soň Sahy Jepbarowyň gözlegi ussatlar bolupdyr. Aýdym-sazyň gadyryny oňat bilýän bagşy-sazandalar, onuň ýanynda sazandarlyk etmäge uly isleg bildiripdirler. Eýýäm şol ýyllarda ol bir toýy sowup bilýän bagşylaryň hataryna goşulupdyr. Sahy Jepbarow ýaşlygyndan şöhrata eýe bolan hem bolsa, ol öz ussatlygyny ösdürmek ugrunda tutanýerli zähmet çekipdir, atly bagşy-sazandalardan görelde alypdyr. Sahy Hally bagşynyň öýüne baranda, halypa bagşy ýaş ýigidi uly guwanç bilen garşylapdyr. Uzaga çekmedik oýlanşykdan soň, Hally bagşy gapdalynda söýelgi duran dutary Saha uzadyp, dört-bäş sany aýdym aýdyp bermegini sorapdyr. Hally bagşynyň bu sözlerine aljyrap, Sahy özüne goldaw gözleýän ýaly bolup, töweregine garanjaklapdyr. Emma golaýda ony goldar ýaly adam bolmandyr. Şondan soň, Sahy halypasynyň dutaryny alyp, aýdym aýtmaga başlapdyr. Ol öz aýdym aýdyşynyň ýaşula ýarandygy ýa-da ýaramaýandygyny aňjak bolup, assyrynlyk bilen Hally bagşynyň ýüzüne seredýär,  emma onuň ýüzünden hiç zat aňyp bilmändir. Ol aýdymy üns bilen diňläp oturupdyr. Aýdym aýdylandan soň, Hally bagşy sakgalyny sypalap, bir zat aýtjak ýaly bolupdyr-da dyzynyň üstünde ýatan ullakan gülli ýaglyk bilen maňlaýynyň derini süpüripdir-de, soňra Saha ýüzlenip, şeýle diýipdir: - “Hünäre entek gowy ökdelemänsiň, aýdymyň manysyny kemter berýäň, ýöne beýle diýdigim senden bagşy bolmaz diýdigim däl, sen gaty gowy bagşy bolup ýetişersiň. Seniň sesiň örän ýakymly, owazly, ýöne entäk köp çorba sowatmaly bolarsyň, meniň ýanyma gelip dur” - diýipdir. Sahy Hally bagşynyň öýünde üç gün bolup, ondan köp zatlary öwrenipdir. Sahy aýdym aýdanda edil Hally bagşynyň aýdym aýdyşyna öýkünmez eken. Şoňa görä-de Sahy bagşynyň aýdan aýdymlarynyň labzy beýleki bagşylaryň aýdýan aýdymlarynyň labzyndan  özboluşlylygy bilen tapawutlanyp gelipdir. 1929-nji ýylda Aşgabat şäherinde türkmen drama teatry döredilýär. Ýaş bagşy Sahy hem ilkinji gezek şu ýerde işläp başlaýar we drama teatrynyň ýanynda az sanly sazandalar toparyndan halk-saz gurallarynyň ansamblyny döredýär. Bu ansambl arakesme wagtynda halk mukamlaryny çalyp, aýry-aýry sahnalaryň saz bezegini  hem ýerine ýetiripdirler.  Sahy öz düzen ansambly bilen kolhozlarda, obalarda konsert berip, adamlaryň sagbolsunyna mynasyp bolýar. Onuň her-bir konserti üstünlikli geçýär. 1932-nji ýylda Sahy bagşy goşun gullugyna Mary şäherine ugradylýar. Şol ýerde hem esgerleriň aýdym-saz we tans ansamblyny döredýär. Bu ansambl diňe türkmen aýdymlaryny, sazlaryny ýerine ýetirmek bilen çäklenmän, eýsem döwrebap aýdymlarynyň 50-den gowragyny döredipdir. Şolardan “Biziňki”, “Aşyk men”, “Ýarap borka”, “Daglar”, “Gopuzly gyz”, “Nepes sen”, “Altyň biri” ýaly aýdymlary, bu ussat bagşynyň döredijiliginiň gymmatly tarapy – hakyky halk aýdymlarynyň hazynasyny baýlaşdyrypdyr. “Şirin-şeker”, “Gyzyl börük”, “Tomagaly”, “Aýna”, “Urup çykdy” we başga-da ençeme halk sazlaryna şygyrlary saýlap alyp, aýdym edip ile ýetiripdir. Ol şeýle aýdymlaryň üstünde işlände Ata Ablyýew, Çary Täçmämmedow ýaly ussat sazandalaryň pikirini hem diňläpdir. Sahy Jepbarowyň ýetişdiren şägirtleri sanardan köp bolupdyr. Olardan  Orazgeldi Ylýasow, Dörtguly Durdyýew, Nurýagdy Baýramow, Gurbandurdy Jeňow, Nurjemal Adyýewa, Nabat Nurmuhamedowa halypasynyň yzyna eýerip, özleri-de uly ussat bolup ýetişipdirler. Sahy Jepbarow aýdym aýdanda oňa Täçmämmet Suhangulyýew, Mylly aga, Pürli Saryýew, Oraz Sary, Ata Ablyýew, Çary Gurbanow, Akmyrat Çaryýew dagy sazandarlyk edipdir. Ussat  bagşynyň saz folklorymyzy çuňňur bilmegi meşhur mukamlary täzeden işlemegine, olary öňküdenem has belende götermegine ýardam beripdir. Magtymguly, Seýdi, Mollanepes, Kemine, Mätäji ýaly şahyrlaryň goşgularny aýdym edipdir. Şeýle özboluşly ýoluň geçilmegi netijesinde “Sahy bagşynyň ýoly” diýilýän ugur emele gelipdir we ösüp, özgeripdir. Muňa beýik ussadyň ýerine ýetiren “Bedew”, “Saba bilen”, “Sona gelin”, “Baga seýle”, “Gelinler”, “Hajy golak”, “Begler”, “Ak ýüzli maralym”, ýaly aýdymlary mysal getirmek bolar. Öz döreden  aýdymlarynyň  hem 50-ä golaýynyň, halk aýdymlarynyň bolsa, 200-den gowragynyň ýazgylary merkezi döwlet arhiwinde saklanylýar. Ol aýdymlar esasan 1950-1970-nji ýyllarda ýazgy edilipdir. Oglanlykdan ömrüniň soňky günlerine çenli öz bütin zähmetiniň ylhamyny türkmen saz sungatynyň ösmegine bagyş eden Sahy Jepbarowyň hoş owazly belent sesi giň ülkämiziň dürli ýerlerinde, hat-da onuň çäklerinden has alyslarda-da kän gezek ýaňlanyp, bagşyçylyk sungatynyň ajaýyp bir täze nusgasyny uly ile äşgär edýär. 1938-nji ýylda ilkinji bolup, Türkmenistanyň halk bagşysy diýlen belent ada mynasyp bolýar. 1977-nji ýylyň awgust aýynda aradan çykýar. Ýöne Sahy Jepbarowyň ady, şahyr Kerim Gurbannepesowyň:
                          Ýene kyrk asyrdan, ýüz asyrdan soň,
                          Tutulmaly bolsa bir bagşynyň ady,
                          Şol bir bagşy seniň özüň bolarsyň,
                          Özüň borsuň Jepbar agaň zürýady.

diýip, ýazyşy ýaly, meşhur bagşynyň ady türkmen halkynyň aňyndan   hiç haçan çykmaz. 1989-nji ýylda bolsa bagşa Magtumguly adyndaky Döwlet baýragy berilýär. Türkmenistanyň  Mejlisiniň 2023-nji ýylyň 18-nji martynda çykaran 546-VI belgili Kararyna laýyklykda, Arkadag şäher ýörite sungat mekdebine görnükli sungat ussady, halypa bagşy mukamçy  kompozitor Sahy Jepbarowyň ady dakyldy we mekdep Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebi diýlip atlandyryldy.

 “Üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary” 
bölüminiň II ýyl talyby Nowruz BERDIÝEW

Paýlaş

Salgymyz:

Arkadag şäheriniň Nury Halmämmedow köçesiniň 3-nji jaŷy

Telefon belgiler:
+993 12-57-19-24
Email:
sysm@sanly.tm