Arkadagdan serpaý bu gün

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe
Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda, ata-babalarmyzyň arzuwlap ýeten zamanasynda, ajaýyp Arkadag şäherinde sähelçe wagtyň içinde bimäçe işler alnyp baryldy. Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak maksady bimäçe desgalar açylyp ulanylmaga berildi. Deňsiz-taýsyz Arkadag şäheri gün-günden ösýär, özgerýär. Arkadag şäherine gelýän daşary ýurtly myhmanlar bu ýerde omaşdyrylan sanly tehnologiýalaryň ösen derejelerine, daşky gurşawy goramak we ýaşyl gurşawy dörtmek işlerine haýran galýarlar. Şu işleriň netijesinde dünýä ýurtlarynyň bilermenleri tarapyndan bimäçe sertifikatlar, baýraklar we diplomlar gowşuryldy. Şu ýylyň sentýabrynda Moskwada geçirilen gözden geçirilişde “Arkadag Medisina Klasteri Menejment” kärhanasynyň önümleriniň we çaga iýmitleriniň “Ýylyň önümi” atly altyn medala we degişli diploma mynasyp boldy. Bu bolsa, Arkadag şäherinde durrnuş maksatly, aýratyn-da, sagdyn iýmitlenmek wezipelerini üstünlikli amala aşyrýan önümçilik toplumynyň ekologiýa taýdan arassa önümleriniň halkara derejede ykrar edilýändiginiň aýdyň beýanydyr.
“Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar topary ýurdymyzda şeýle hem dünýäniň ençeme döwletlerinde halkara bäsleşiklere, festiwallara gatnaşyp bedew bady bilen ynamly öňe barýan ýurdumyzyň ýaşyl tuguny belentde parladýar. Ata-babalarmyzyň “Işleseň il tanar” diýen pähimli ýörelgesine eýerip, halkymyzda guýy gazmagyň, ýol, köpri gurmagyň sogabynyň ulydygy aýdylýar. Arzuwlaryň hasyl bolýan ýurdy-Arkadag şäherinde bimäçe köpriler, şa ýollary gurlup ulanylmaga berilýär.
 “ÜKÇSG” bölüminiň II ýyl talyby
Nowruz BERDIÝEW

Paýlaş

Salgymyz:

Arkadag şäheriniň Nury Halmämmedow köçesiniň 3-nji jaŷy

Telefon belgiler:
+993 12-57-19-24
Email:
sysm@sanly.tm