Berkesin türkmen-özbek DOSTLUGY

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň üstünlikli durmuşa geçirýän daşary syýasaty sebit boýunça goňşy ýurtlar bilen netijeli hyzmatdaşlygy putalandyrmaga gönükdirilendir. Türkmen halkyny medeni-ruhy gymmatlyklaryň umumlygy, asyrlaryň jümüşinden gözbaş alýan dostluk, özara goldaw bermek däpleri birleşdirýär. Milli Lidermiziň belleýşi ýaly, Merkezi Aziýa döwletleri ägirt uly mümkinçiliklere eýedir. Olaryň durmuşa geçirilmegi umumy abadançylygyň, rowaçlygyň hem-de ösüşiň bähbitlerine laýyk gelýär. Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklar Merkezi Aziýada hoşniýetli goňşuçylygyň we strategik hyzmatdaşlygyň aýdyň nusgasy bolup durýar. Häzirki wagtda taryhyň, medeniýetiň, diliň ruhy gymmatlyklaryň umumlygy bilen baglanyşýan iki doganlyk halky has-da ýakynlaşdyrmak ugrunda yzygiderli tagalla edilýär. Ýokary derejedäki özara döwlet we resmi saparlary döwletara gatnaşyklarda ynanyşmagyň      hem-de açyklygyň aýdyň beýanydyr.
Özbek Baştutany Türkmen myhmanyny mähirli mübarekläp garşylady hem-de çakylygy kabul edip Özbegistana gelendigi üçin hoşallyk bildirdi we döwlet Baştutanymyzyň şu gezekki saparynyň iki ýurduň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklary has-da pugtalandymaga itergi berjekdigni nygtady. Merkezi Aziýa döwletlerniň Baştutanlarynyň ýedinji konsultatiw duşuşygyna gatnaşdy. Sebitiň bäş ýurdynyň arasynda hoşniýetli goňşyçylygy, özara ynanyşmagy we integrasion prosesleri pugtalandyrmak maksady bilen döredilen şeýle möhüm sebit Sammitlerinde özara esasy meseleleri ösdürmäge üns berilýär. Munuň özi ýurdumyzyň bu hyzmatdaşlyk formatynda eýeleýän netijeli ornuny tassyklaýar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow iki ýurduň söwda ulgamyndaky mümkinçiliklerni doly durmuşa geçirmek üçin ähli zerur şertleriň bardygyny aýtdy, 2026-nji ýylda Türkmen-özbek işewürlik geňeşiniň nobatdaky mejlisini we üçünji sebitara forumy geçirmegi, Aşgabatda hem-de Daşkentde iki ýurduň söwda öýlerini açmagy teklip etdi. 17-nji noýabrda dabaraly ýagdaýda açylan türkmen-özbek serhetýaka söwda merkeziniň işi-de özara söwdany giňeltmekde uly ähmiýete eýe bolýar. 
Daşkentde ýokary derejeli türkmen-özbek gepleşikleri tamamlanandan soňra, Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy Özbegistanyň ýokary döwlet sylagy – “Ýokary derejeli dostluk” (“Oliý Darajali Dustlik”) ordeni bilen sylaglamak dabarasy boldy. Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Türkmenistanyň Prezidentine bu ýokary sylagy gowşuryp, däp bolan türkmen-özbek dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarny, strategik hyzmatdaşlygy berkitmekde Serdar Berdimuhamedowyň şahsy goşandyny belledi. Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bu belent sylag üçin minnetdarlyk bildirip, ony Türkmenistana, türkmen halkyna hormatyň nyşany hökmünde kabul edýändigini aýtdy. Ýeri gelende bellesek, şu ýylyň 24-nji aprelinde Özbegistana amala aşyran dostluk saparynyň çäklerinde Türkmen halkynyň mili Lideri, Türkmenistanyň halk maslahatynyň başlygy Gahryman Arkadagymyz hem “Ýokary derejeli dostluk” ordeni bilen sylaglanandygyny nygtamak gerek.
Gurbanguly Berdimuhamedow:     
  TÜRKMENISTAN – PARAHATÇYLYGYŇ
 WE YNANYŞMAGYŇ WATANY
Parahatlyk geljege iň mukaddes mirasdyr,                                              
Ömürleriň manysy söýgi, mähir, yhlasdyr,                                                       
 Adamzadyň arzuwy abatlyga telwasdyr!                                                                       
 Külli ynsan hakyna belent maksat tutany – 
Türkmenistan – parahatlyk, ynanyşmak Watany!  

Hoşniýetli dost ili – biziň eziz ilimiz,                                                                              
 Bitaraplyk, doganlyk – saýlan aýdyň ýolumyz!                                                           
 Bitewüdir asman-Ýer, bitewi ykbalymyz,                                                                       
 Asman-Zemin hakyna belent maksat tutany – 
Türkmenistan – parahatlyk, ynanyşmak Watany! 
         
Sütünleri söýgüden, bir mizemez binadyr,                                                        
Çagalaryň gülküsi iň ajaýyp senadyr.                                                                            
 Bir-biregi sarpalap ýaşamaly dünýädir!                                                                      
Jümle-jahan hakyna belent maksat tutany – 
Türkmenistan – parahatlyk, ynanyşmak Watany!  

Goý, ýürekler bir bolup, baky gül açsyn dünýä!                                                          
 Maksatlar myrat tapyp, bagta ulaşsyn dünýä!                                                              
 Ýurdumda adamzada beýik geljek görünýär,                                                     
Ak günleriň hakyna belent maksat tutany –
Türkmenistan – parahatlyk, ynanyşmak Watany!  
                                                                                                                          
Mäkäm bolsun halklaryň dos-doganlyk köprüsi,                          
 Ýazylsyn, giň ýazylsyn agzybirlik suprasy,                                                   
 Tämiz niýet, ýagşy päl – budur dünýäň gudraty,                                                          
 Giň dünýäniň hakyna belent maksat tutany – 
Türkmenistan – parahatlyk, ynanyşmak Watany!  

Ak guşlar ganat ýaýyp bezeg bersin asmana,                                                                                                       
 Dostluk bagy boý alsyn, dünýä dolsun bossana,                                                       
Getirýär ähli ýollar bu gün Türkmenistan,                                                      
 Adamzadyň hakyna belent maksat tutany –
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN –
BÜTIN DÜNÝÄNIŇ HALKARA PARAHATÇYLYK WE 
YNANYŞMAK WATANY!     


Nowruz Berdiýew,
Üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary bölüminiň II ýy

Paýlaş

Salgymyz:

Arkadag şäheriniň Nury Halmämmedow köçesiniň 3-nji jaŷy

Telefon belgiler:
+993 12-57-19-24
Email:
sysm@sanly.tm