Mäkäm bolsun, Türkmen-Gazak dostlugy!

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tagallasy bilen Türkmenistan ýurdy dost-doganlygyň mekany. Ýaňy ýakynda Hormatly Prezidentimiziň Gazagystan Respublikasyna bolan sapary dost-doganlyk gatnaşygyny hasda berkitmek barada uly aladalar edilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky dost-doganlyk taryhyň, medeniýetiň, diliň, ruhy-ahlak, gymmatlyklarynyň umumylygyna esaslanýan gatnaşyklaryň strategik hyzmatdaşlyk häsiýeti bilen tapawutlanýar. Gazagystan Türkmenistanyň halkara derejede ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk derejesini üýtgewsiz goldap, oňa sebitde durnuklylygyň möhüm şerti hökmünde garaýar. Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk türkmen-gazak esasy gatnaşyklarynyň biridir. Gadymy Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşýän Türkmenistan hem-de Gazagystan Ýewropanyň, Merkezi Aziýanyň ýurtlaryny, Pars aýlagy we Hind ummany bilen baglanyşdyrýan Demirgazyk-Günorta ulag geçelgesini ösdürmek boýunça işjeň tagalla edýärler. Bu ulag geçelgesiniň düzümine girýän Gazagystan – Türkmenistan – Eýran demir ýoly  iki ýurdyň hem-de tutuş sebitiň üstaşyr geçirjilik kuwwatyny artdyrmaga ýardam berýän taslamadyr. 2018-nji ýylda Aktau şäherinde gol çekilen Hazar deňziniň hukuk derejesi hakynda Kanwensiýa bu hyzmatdaşlygy ösdürmekde möhüm tapgyr boldy. Milli sungaty, däp-dessurlary wagyz etmäge gönükdirilen özara Medeniýet günleriniň, bilelikdäki maslahatlaryň we beýleki çäreleriň yzygiderli geçirilmegi, akademiki, ylmy alyşmalar munuň şeýledigni aýdyň tassyklaýar. Iş saparynda Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Prezident Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda ýokary derejede gepleşikler geçirildi. Iki halkyň ruhy-medeni mirasyna uly gosant goşan görnükli şahsyýetleriň, hususanda Astana şäherinde Magtumguly Pyragynyň, Aşgabatda bolsa Abaý Kunanbaýewiň ýadygärlikleriniň açylandygna üns çekildi. Munuň özi doganlyk halyklarmyz tarapyndan uly ruhubelentlik bilen kabul edildi. Prezident Kasym-Žomart Tokaýew Baştutanmyzy, ähli türkmen halkyny Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygnyň 30 ýyllygy bilen gutlady. Soňra Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Gazagystan Respublikasynyň iň ýokary sylagy – “Altyn Bürgüt” (altyn Kyran) ordeni bilen sylaglandy. Gazak Lideriniň gol çeken permanyna laýyklykda, Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystan bilen Türkmenistanyň arasyndaky berk dostlyk gatnaşyklaryny, hoşniýetli goňşyçylygy we strategik hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda, döwletara gatnaşyklary hemmetaraplaýyn ösdürmekde, doganlyk halklarmyzyň mundan beýläk-de ýakynlaşmagyna, jebisleşmegine goşan şahsy goşandy üçin bu abraýly sylaga mynasyp boldy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bu ordeni, Türkmenistanyň halkyna goýulýan uly hormatyň nyşany, iki halky  köp asyrlaryň dowamynda birleşdirip gelýän berk dostlygyň hem-de hoşniýetli  goňşyçylygyň subutnamasy höküminde kabul edýändigni aýtdy. “Altyn Bürgüt” ordeni Gazagystan Respublikasynyň iň ýokary tapawutlandyryş nyşanydyr. Ýeri gelende, 2022-nji ýylyň 29-nji iýunynda VI Hazar sammitine gatnaşmak üçin ýurdumyza sapar bilen gelen gazak Lideri Kasym-Žomart Tokaýew tarapyndan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem “Altyn Bürgüt” ordeniniň gowşurlandygyny bellemek gerek.
Nowruz Berdiýew, 
“Üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary” bölüminiň II ýyl talyby. 

Paýlaş

Salgymyz:

Arkadag şäheriniň Nury Halmämmedow köçesiniň 3-nji jaŷy

Telefon belgiler:
+993 12-57-19-24
Email:
sysm@sanly.tm