Bedew batly ýollarda GADAMLARMYZ BATLY BOLSUN!

Berkarar  Döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallasy esasynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk baýramyny mynasyp garşylamak, ýurdumyzyň beýik ösüşleriniň, taryhy özgertmeleriniň ähmiýetini wagyz etmek maksady bilen 2026-njy ýyly “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýyly diýip atlandyryldy. Halkymyzyň At-myrat diýen pähimi bilen Gahryman Arkadagymyzyň “At – türkmen üçin ähli zat” diýen paýhasly sözleriniň manysynda ütgöşik labyz, ajaýyp sazlaşyk bar. Türkmen bedewi adamzat medeniýetiniň aýrylmaz bölegi, gadymdan bäri edebi ýazgylaryň esasy gahrymany bolmagynda galýar. Akylyň ýetmedik ýerinde gudrat başlanýar. Behişdi bedew, suw aty, ýel aty ýaly kesgitlemeler hem-de atlarymyz baradaky ençeme ýordumlar hut şonuň ykrar edilmesidir.
Türkmen kompozitorlarymyz öz döredijiliginde bedew atlarymyza bagyşlap dürli eserleri döretdiler. Olardan Nury Halmämmedowyň “Aýgytly ädim”, Çary Nurymowyň “Meniň dostum Meleguş” kino filmleri üçin ýazan eserlerini bellemek bolar. Görogly eposynda, Magtymguly Pyragynyň, Seýitnazar Seýdiniň we ähli şahyrlarymyzyň goşgularynda bedew atlarymyza goýulýan sarpanyň ähmiýeti uludyr. Gahryman Arkadagymyzyň bize okamana peşgeş beren “Ahalteke bedewi – biziň buýsanjymyz we şöhratymyz” hem-de “Atda wepa-da bar, sapa-da” atly kitaplary biz ýaşlar üçin tapylgysyz baýlyk, gymmatly gollanma bolup durýar. “Atda wepa-da bar, sapa-da” atly kitabyň dürli dillere terjime edilmegi bolsa, diňe biziň ýurdumyzda däl, eýsem dünýä ýüzünde ahalteke bedewleriniň şan şöhratyny dabaralandyrýar. Gahryman Arkadagymyzyň “Atda wepa-da bar, sapa-da” atly kitabynda Oguz hanyň pentleri, “Görogly” eposyndan alnan jümleler ýerleşdirilen.
Gargyýa meňzär gulagy,
Şemşat kimin el, aýagy,
Hemişe gezen ýaýlagy
Serçemenli düz bolaýdy.
Magtymgulynyň goşgularynda şol döwre mahsus sypatlaryň esasysy – bedewe erk etmek, bedewleri kemala getirmek, olary seýislemek sungaty barada aýdylýar. Magtymguly Pyragy goşgy setirlerinde bedew atlarymyzy şeýle wasp edýär:
At gazanar goç ýigidiň,                                                                                                          
Owwal bedew aty gerek.                                                                                   
Gelene garşy durmaga,                                                                                         
Ýagşy muhabbeti gerek.
Biz ýaşlar Magtymguly Pyragynyň, türkmen nusgawy şahyrlarynyň we şu günki döwürdeş şahyrlarymyzyň bedew atlary wasp edýän goşgularyny öz aýdym-sazlarymyzda ýerine ýetirýäris. Aýratyn-da Gahryman Arkadagymyzyň kitaplarynda ýerleşdirilen bedew atlara bagyşlanan şygyrlaryny ýerine ýetirmek biz ýaşlar üçin örän buýsandyrjy. Kakylyp çalynýan saz gurallarynda bedew atlary taryplap dürli sazlary ýerine ýetirýäris. Yhlasa-myrat diýlişi ýaly, biz talyplar öz aýdym-sazlarymyz bilen bedew batly Watanymyzyň ösüşine begenjimizi-buýsanjymyzy beýan edýäris. Türkmen medeniýetini we sungatyny dünýä tanadan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, il-ýurt bähbitli alyp barýan işleri rowaçlyklara beslensin!

Nowruz BERDIÝEW II ýyl talyby. 

Paýlaş

Salgymyz:

Arkadag şäheriniň Nury Halmämmedow köçesiniň 3-nji jaŷy

Telefon belgiler:
+993 12-57-19-24
Email:
sysm@sanly.tm