Bitaraplyk simfoniýasy, dost-doganlyk sazy
Berkarar döwletiň Täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň türkmen milli sungatymyzy ösdürmekde, ony dünýä ýüzüne ýaýmakda alyp barýan döwletli işleri sanardan köp. Ýaňy ýakynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen Milli Konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen Döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň gurnamagynda Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebinde “Bitaraplyk simfoniýasy – dost-doganlyk sazy” atly döredijilik duşuşygy geçirildi. Bu döredijilik duşuşygy Türkmenistanyň at gazanan artisti, dirižýor, meşhur kompozitor Röwşen Nepesow Öwezdurdyýewiç bilen gyzykly we ýatdan çykmajak pursatlaryň biri boldy. Biz hem talyp deň-duşlarymyz bilen bu duşuşyga uly höwes bilen gatnaşyp, kompozitoryň beren täsirli maslahatlary bilen özümiziň ukyp-başarnyklarymyzyň üstüni dolduk. Elbetde ussat kompozitor bilen gurnalan duşuşykda talyp ýaşlaryň arasynda özlerinde uly gyzyklanma döreden soraglar ýüze çykýar. Mende hem şol soraglar ýüze çykdy we ussat kompozitor bilen söhbetdeşlik geçirmek maňa-da nesip etdi. Meniň talyplyk döwrümde bolup geçen iň gyzykly we ýatdan çykmajak pursatlaryň biri boldy. Talyp ýaşlaryň arasynda geçirilen bu döredijilik duşuşygyny kompozitor bilen söhbetdeşlik arkaly şeýle soraglar bilen dowam etdik:
Halypa meşhur türkmen kompozitorlarynyň arasynda özüňize iň ýakyn görýän kompozitoryňyz kim?
Elbetde N.Halmämmedow, D.Hydyrow, R.Rejepow, R.Allaýarow ýaly ähli türkmen kompozitorlaryny özüme ýakyn duýýaryn. Men olaryň ählisinde okamasamam, tälim almasamam olaryň döreden sazlaryny, aýdymlaryny diňläp türkmen kompozitorlarynyň ählisine bolan söýgim has-da artýar.
Çagalar sungat mekdebinde haýsy hünär boýunça bilim aldyňyz?
Men çagalar sungat mekdebinde 7-nji klasa çenli fortepiano dersi boýunça bilim aldym. Ýöne kakylyp çalynýan saz gurallaryny gowy görýärdim. Soň bilimimi kakylyp çalynýan saz gurallaryny öwrenmek bilen dowam etdim. Simfoniki orkestrde litawra, kislafon ýaly saz gurallary çalýardym.
Siz döwletimizde we daşary ýurtlarda ussat dirižýor hökmünde hem tanalýarsyňyz. Özüňiziň dirižýorlyk eden ilkinji eseriňiz dogrusynda aýdyp beräýseňiz?
Meniň ilkinji gezek 1997-nji ýylda 21-ýaşymda L.W.Bethoweniň simfoniki orkestr üçin ýazan “Egmont” atly uwertýurasyna dirižýorlyk etdim.
Siziň özüňiziň döreden orkestriňiz dogrusynda hem aýdyp beräýseňiz!
Ol soň döredi. Men esasan öz orkestrimde köplenç ýaşlary öňe sürýärin. Ukyby bolan ýaş-ýetginjeklere dirižýorlyk etdirýärin.
Kompozitorçylyk ýoluna ugrukmaga höwes döreden ilkinji halypaňyz kim?
Meniň ilkinji halypam Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen Milli Konserwatoriýasyna kompozitorlyk hünärine meni taýýarlan Rejep Rejepow. Soňra Konserwatoriýada Rejep Allaýarow, Nury Muhadow, Aman Agajykow, Serdar Muhadow, Jeren Gurbangylyjowa ýaly ussat kompozitorlardan bilim aldym. Men özümi örän bagtly duýýaryn. Sebäbi dünýä belli kompozitorlardan bilim alyp kompozitor bolmak bagty maňa miýesser etdi.
Biz talyp ýaş sazandalara berjek iň peýdaly maslahatyňyz?
Häzirki okuw döwrüňizde wagty diňe öz ussatlygyňyza sarp etmeli. Öz işiňize, hünäriňize mynasyp bolmaly. Medeniýet ugrundan, ussatlyk ugrundan, iň esasan-da edep-terbiýe ugrundan öwrenmeli, kämilleşmeli. Okuwyňyzda, işiňizde diňe üstünlikleri gazanmaly.
Türkmenistanyň at gazanan artisti, dirižýor, meşhur kompozitor Röwşen Nepesow Öwezdurdyýewiç bilen gyzykly we ýatdan çykmajak söhbetdeşligimiz üçin köp sag bolsunlarymy aýdýaryn. Kompozitora galamynyň ujunyň ýiti bolup, işlerinde uly üstünlikleriň ýaran bolmagyny tüýs ýüregimizden arzuw edýäris!
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen Milli Konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen Döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň mugallymy, simfoniki orkestriniň dirižýory Eziz Jumanyýazow hem öz gezeginde şular ýaly döredijilik duşuşygyny geçirmek ugrunda giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz sag bolsunlaryny aýtdy.
Biz talyp ýaşlara okamaga, öwrenmäge giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sag bolsunlarmyzy aýdýarys! Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, ömürleri uzak bolsun, tutýan tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
“Üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary”
bölüminiň II ýyl talyby Aýgül NURLYÝEWA