Başyňa Tahýa Ýaraşar
Görküme görkün goşar,
Läle reýhan keşdeler,
Keşdeleri synlana
Ýürek sazym eşdiler
Asyrlaryň dowamynda ene-mamalarymyz tarapyndan döredilip, kämilleşdirilen we häzirki döwre çenli özüniň asyl nusgasyny saklap gelýän türkmen tahýalary tarypdyr öwginiň iň naýbaşysyna mynasyp. Her göreni,hatda dünýäni aýlanan jahankeşdeleri haýrana goýýan ak-gaýmalardyr gültahýalarymyz adaty başgaby bolman, eýsem kämilligi taýdan keramata deňelen ajaýyp sungat eserleridir.
Öýümiziň körpesidigim üçinmi, nämemi, kiçijikkäm saçlarymy mydama enem darap-örerdi. Özi-de:
Örüm-örüm saçlary,
Bir-birine oraşar.
Gyz-oglanyň başyna,
Sünnä tahýa ýaraşar-
-diýip hiňlenerdi.
Bir günem başyma ejemiň tiken täzeje gültahýasyny geýdirdi-de: "Sen-ä peri ýaly owadanja bolaýdyň, guzym" diýip, esli wagt gözlerini menden aýyraman, başymy sypady. Soňra: " Gyzlar gültahýasyz bolmaly däldir, balam" diýip, sözüni dowam etdi: "Bilýärmiň näme üçin?! Sebäbi gültahýa türkmen gyzlarynyň başynyň täji, durkunyň ýaraşygy, edebiniň aýnasydyr.Biler bolsaň, owadanja tahýalar siziň başyňyzy Günden , yssydan, sowukdan hem goraýar".
Şol günden soň her gezek aýna bakanymda, tahýalyja gezenimde ýa-da gültahýaly joralarymy görenimde, enemiň sözleriniň mamladygyna göz ýetirdim.Türkmen halky ene-mamalarymyzyň, gyz-gelinlerimiziň çeper ellerinden çykan tahýasyna depesinden ýer berýär, başyndan çykaranda-da asla ýerde goýmaýar, eýläk-beýläk atmaýar, aýawlyja saklaýar. Akgaýma tahýalar oglanjyklaryň, gerçek ýigitleriň, agalaryňyzyň, atalarymyzyň belent başynyň mertebesi bolsa, gültahýalar gyzlaryň başyny bezeýän, gül ýüzüniň gelşigini goşalandyrýan gözellikdir. Çagalaryň görküne gözellik, durkuna salyhatlylyk berýän tahýalar barada: "Bu nepis sungaty haýsy paýhasly ynsan oýlap tapdyka, ony kimiň çeper elleri döretdikä? "diýip, oýlananyňy duýman galýarsyň. Asman gümmezidir Älem güberçegine çalymdaş görnüşinde, türkmen sährasydyr, nurana Güneşe meňzeş nepisliginde, aýlaw-aýlaw kerwen ýollaryny ýatladýan "ak süňşüginde" ajaýyp kämilligi jemleýän keşdeleriň her sanjymy Watan ezizligini waspyndan habar berýär. Bu hikmeti gadymdan galan nusgalaryň her birinde görmek, duýmak bolýar. Keşdeler-sungat, olar zenan ýürekleriniň arzuw-ylhamy, syrly eseri. Şonuň üçin tahýalary synladygyňça, öwrendigiňçe manysy giňeýär, mazmuny çuňlaşýar. Mysal üçin, ady aklykdan habar berýän akgaýma tahýalardaky ak gaýmalar güneşli diýarmyzyň sähra-düzlerindäki, dag-derelerindäki ak ýollary, halkymyzyň ýüregindäki päk niýeti alamatlandyrýan bolsa, keşdeler türkmen tebigatynyň gül-gunçaly keşbini şöhlelendirýärler ýa-da gyzlarymyzyň gültahýasynyň depe böleginiň göni on ikä bölünip, keşdelenmegi her ýylyň on iki aýyny we gyzlaryň päkize kalbynda şol aýlarynyň ählisiniň gül-güzarlyk ýaly owadan mana eýedigini öz içine alýar.
“Fortepiano” bölüminiň III ýyl talyby
Döwletmyradowa Näzik