Orkestriň jadyly mukamy

Dirižýoryň birinji wezipesi-orkestri ruhlandyrmak. Dirižýor elindäki taýajygynyň hereketleri bilen her bir sazanda çalýan sazyny haýsy wagtda ýuwaş, haýal, basymrak, gatyrak çalmalydygyny düşündirip durýar.
       Her bir sazandanyň öňünde öz çalmaly notalary ýazylgy kagyz durýar, emma orkestriň bir çetindäki sazanda beýleki çetindäki sazandanyň çalyp duran sazyny gijiräk eşidýär ýa-da düýbünden eşidip bilmeýär. Her sazanda öz çalýan sazyny beýlekilerden gatyrak eşidýär. Eger-de orkestriň öňünde biri baş bolup durmasa, her sazanda öz öňündäki notalaryny çalyp, sazyň yzygiderliliginiň bozulmagyna sebäp bolardy. Emma dirižýor munuň beýle bolmagyna ýol bermeýär. Ol sazandalara ellerini hereketlendirip, birnäçe "buýruklary"  bermek arkaly owadan hem-de ýakymly sazyň döremegine sebäp bolýar.
       Dirižýoryň ussatlygy köp zada baglydyr. Ussat dirižýor ökde bolmadyk orkestriň hem gowy sazy çalyp bilmegine sebäp bolýar. Eger-de dirižýor gowşak bolsa, ökde orkestriň gowy sazyny hem zaýalamaga sebäp bolmagy mümkin. Iň bärkisi, şol bir orkestriň çalýan sazy dürli dirižýoryň ýolbaşçylygynda üýtgeşik ýaňlanýandyr.
       Bir söz bilen aýdylanda, edil sazandanyň belli bir saz guralyny çalşy ýaly, dirižýor hem onlarça saz guralyndan ybarat bolan "orkestri" çalýar, olary bir "perdä" düzýär. Orkestriň jadyly mukamy hem dirižýoryň ussatlygyny ölçeýär.



                                                         Fortepiano bölüminiň
                                                                   II ýyl talyby
                                                                         Kaşamowa Selbi

Paýlaş

Milli tans sungaty

Dirižýoryň birinji wezipesi-orkestri ruhlandyrmak. Dirižýor elindäki taýajygynyň hereketleri [...]

BEHIŞDI BEDEWLER

Dirižýoryň birinji wezipesi-orkestri ruhlandyrmak. Dirižýor elindäki taýajygynyň hereketleri [...]

Parahatçylyk owazy

Dirižýoryň birinji wezipesi-orkestri ruhlandyrmak. Dirižýor elindäki taýajygynyň hereketleri [...]

Salgymyz:

Arkadag şäheriniň Nury Halmämmedow köçesiniň 3-nji jaŷy

Telefon belgiler:
+993 12-57-19-24
Email:
sysm@sanly.tm