Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan

Ynsan ömründe düşleýän her bir günüň , aý-ýyllaryň öz sowgady bar. Edil şonuň ýaly,bagtly ynsanlaryň ýaşaýan ýurdunda-Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda garşy alynýan aý-ýyllaryň eçilýän sowgadynyň, gör, näçe ýürekleri heýjana, joşguna besleýändigini göz öňüne getiriň! Bu barada oýlananyňda, 2025-nji ýylyň-Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň türkmen halkyna bagyş eden, ähli köňüllere buýsanç beren sowgadynyň neneňsi uly şatlyga, bagtyýarlyga beslenýändigine bu gün her birimiz şaýat bolýarys. Ine, ýakynda has takygy, 2025-nji ýylyň 21-nji martynda Amerikanyň birleşen Ştatlarynyň Nýu-Ýork şäherinde geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde ýurdumyzyň başlangyjy bilen "Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy"atly Kararnamanyň üçünji gezek biragyzdan kabul edilmegi aýratyn buýsandyryjy taryhy wakadyr. Bu waka şanly ýylymyzyň türkmen halkyna serpaý eden bahasyz sowgady boldy.
     "Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy" atly Kararnamanyň üçünji gezek ykrar edilmegi-bu türkmeniň parahatçylyk, agzybirlik, ynsanperwerlik taglymatynyň dünýä ýüzüne ýaýylmagynyň güwäsi. Bu hemişelik Bitaraplygymyzyň diňe bir türkmeniň ykbalyna däl, dünýä ýüzünde ýaşaýan adamlaryň ykbalyna ýetiren  özboluşly täsirdir.
Hemişelik Bitaraplygyň gadyr-gymmaty bahasyzdyr, ol-ýyllar geçse-de ähmiýeti peselmeýän, hümmeti egsilmeýän gymmatlyk. Gaýta ýyl geçdigiçe, ýurduň ykbalyna nur bolup çaýylýan,ynsan kalbyny ýyladýan hemişelik Bitaraplygymyzyň aýdyň ertirlerimiziň, ýagty geljegimize öwrüldi.
     Türkmeniň goşa ganatyna deňelýän hemişelik Bitaraplygyň 30 ýylynyň dowamynda ata Watanymyzyň ykbalyna ýetiren täsirleri, ösüşleri sanardan kän. Bu ýyllaryň içinde ýurdumyzyň parahatçylygyň, asudalygyň, dost-doganlygyň mekany hökmünde dünýä ýüzünde tanaldy. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň ýurdumyzda we dünýä jemgyýetçiliginde giň goldaw tapýan parahatçylyk, ynsanperwerlik, dost-doganlyk ýörelgeleri bu gün hemmeleri haýrana goýýar. Häzirki wagtda Türkmenistanyň başlangyjy bilen "Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly" diýlip at alan 2025-nji ýylyň diňe bir biziň ýurdumyzda däl, eýsem, dünýä ýüzünde hem şeýle şygar bilen dabaralandyrylmagy diýseň guwandyryjydyr.
      Dünýäniň parahatçylygy, halklaryň özara ynanyşmagy tutuş adamzadyň bagtyýarlygy, bagtydyr. Bu gün bütin adamzadyň ykbaly, ýagty geljegi hakynda alada edýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik başlangyçlary, ýurt hem dünýä ähmiýetli beýik işleri her birimiz üçin nusgalyk mekdep. Goý, şanly ýylymyzyň toýly günlerine dowamat beren hemişelik Bitaraplygymyzyň çawy mundan beýläk-de dünýä dolsun! Baharyň hoştap howaly günlerinde ýüreklerimize joşgun salan hoş habarlaryň yzy üzülmesin!

            "Fortepiano" bölüminiň II-nji ýyl talyby
                                   Nepesow Gurbandurdy

Paýlaş

Salgymyz:

Arkadag şäheriniň Nury Halmämmedow köçesiniň 3-nji jaŷy

Telefon belgiler:
+993 12-57-19-24
Email:
sysm@sanly.tm