Hor sungaty-halkymyzyň ýüreginiň owazydyr.

Hor sungaty — bu köpçülikleýin aýdym aýtmak sungatydyr, adamzadyň jemgyýetçilik durmuşynda agzybirligi, jebisligi we ruhy güýçlenmäni alamatlandyrýan gadymy sungatyň görnüşleriniň biridir. Taryhyň çuň gatlaklaryna ser salanymyzda, ilkinji hor sungaty öz gözbaşyny V asyrda ýewropa döwletlerinde döräp, ilki buthanalarda erkekler tarapyndan ýerine ýetirilipdir, soňra wagtyň geçmegi bilen has-da ösüp, köp sesli we garyşyk horlar döräp başlaýar. Orlandao Lasso, Ioggan Sebostian Bah, Wolfgang Amadeý Mosart, Lýudwig Wan Bethowen ýaly belli kompozitorlar buthanalar üçin dini hor eserlerini ýazypdyrlar. Ýewropada hor sungatynyň ösmegi Russiýa hem öz täsirini ýetirýär. Onuň belli kompozitorlary Mihail Iwanowiç Glinka, Modest Petrowiç Musorgski, Aleksandr Profirýewiç Borodiniň hem-de rus halk aýdymlarynyň heňlerinden düzülen eserler rus hor sungatynyň düýbini tutýar.
Türkmen hor sungaty hem örän baý we köptaraplaýyn sungatyň bir görnüşi bolup olara: dessanlar, küşdepdiler, läleler, monjukatdylar, gazallar, hüwdiler degişlidir. Köpçülikleýin hor sungaty öz gözbaşyny lälelerden alyp, türkmen gelin gyzlary läle kakmak bilen bokurdaklarynda dürli-dürli sesleri ýaňlandyryp bilipdirler. XIX asyryň 30-njy ýyllarynda ýurdumyzyň hor sungaty öňki SSSR-iň täsiri astynda döreýär. Hor sungatynyň döremegi bilen türkmen halk aýdymlaryny täzeden işlemek we dikeltmek üçin kompazitorçylyk mekdebiniň döremegine getirýär. Soňra 1934-nji ýylda radio komtetiniň ýanynda Arakelýanyň ýolbaşçylyk etmeginde ilkinji erkekler hory döreýär. Soňra 1940-njy ýylda ýurdumyzda ilkinji profesional hor topary, türkmen döwlet filarmoniýasynda döreýär. 1941-nji ýylda bolsa täze açylan teatyrynyň hor topary döredilýär. Bu hor toparyna, belli daşary ýurt dirižýorlary Kononenko we Dimentmeniň irginsiz zähmet çekmeginiň netijesinde uly üstünliklere we ösüşlere eýe bolýar. Şol ýyllar beýik watançylyk urşunyň başlanmagy bilen, Ukrain horunyň gelmegi uly ýardam berýär. Soňa 1943-nji ýyllarda ilkinji hor dirižýor kompazitor Ata Esadowuň ýolbaşçylygynda, ýurdumyzyň dürli ýerlerinde çykyşlar gurnalyp başlanylýar. Şol ýyllar Ýuri Meýtus, Korçmarýof, A Şapişnikow ýaly rus, ukrain kompazitorlar dürli hor eserlerini bilelikde döredýäler. Soňra 1944-nji ýyllarda, Daşkent şäherinde, merkezi Aziýa sebitleriniň arasynda geçirilýän Medeniýet günlerinde, türkmen hor topary hem gatnaşyp, onda türkmen eserleri bilen bir hatarda daşary ýurt eserlerini hem üstünlikli ýerine ýetirip çykyş edipdirler. Türkmen hor sungatynyň ösmegine uly goşant goşan kompazitorlar, Aşyr Kulyýew, Daňatar Öwezow, Weli Muhadow, Nury Muhadow, Aman Agajykow ýaly ussatlaryň döreden operalary we hor eserleri şu günki günlerimize çenli ýaňlanyp gelýär. Olara: ”Leýli-Mejnun”, “Şasenem-Garyp”, “Zöhre-Tahyr”, “Abadan”, “Ýusup Zuleýha” ýaly eserler degişlidir. Ýurdumyzyň Garaşsyzlyga eýe bolmagy bilen  döwrümiziň ösüşini wasp edýän birnäçe eserler döräp hor sungatyna täze öwüşginlerini berýär. Garaşsyz Hemişelik Baky Bitarap Döwletimizde hor sungatyny has hem giňden ýaýramagy, etrapdyr şäherlerde medeniýet öýlerinde çeper höwesjeň hor toparlarynyň döremegi, çagalar sungat mekdeplerinde, ýörite orta we ýokary okuw mekdeplerinde professional  hor toparlary döräp başlaýar.
 Hor sungaty — bu diňe sesleriň sazlaşygy däl, bu halkymyzyň ýüreginiň owazy, ruhunyň beýikligidir. Ol jebisligiň, agzybirligiň, watansöýüjiligiň beýanydyr. Bu sungaty ösdürmek, ýaşlara öwretmek hem-de halkara derejesinde tanatmak ýurdumyzyň medeni ösüşiniň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň galkynyşy döwrinde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda alnyp barylýan medeni syýasatynyň netijesinde hor sungaty täze  ösüşleriň belent derejesine göterildi. Hormatly Prezidentimiz “Ýaşlar Watanyň daýanjy” diýip belläp geçmegi biz ýaşlara uly ynam bildirýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Biz ýaşlar geljekde Watanymyza, Halkymyza, Hormatly Prezidentimize wepaly ýaşlar bolup ýetişjekdigimize uly ynam bildirýäris. Bize okamaga, öwrenmäge, medeniýetimizi we sungatymyzy dünýä ýaýmaga uly mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza talyp ýüregimizden köp sagbolsun aýdýarys. 

                                                                         “Hor dirižýorlygy” bölüminiň III ýyl talyby 
Güljemal Çaryýewa

Paýlaş

Salgymyz:

Arkadag şäheriniň Nury Halmämmedow köçesiniň 3-nji jaŷy

Telefon belgiler:
+993 12-57-19-24
Email:
sysm@sanly.tm