Saglygym baş baýlygym

     Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe sagdynlygyň, abadanlygyň, ruhubelentligiň ýurdy bolan Türkmenistan Watanymyzda sporta uly sarpa goýulýar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde, ylymly-bilimli, sagdyn bedenli nesilleri kemala getirmekde döwletimiziň etýän aladasy çäksiz ulydyr. Türkmen raýatlarynyň sagdyn hem-de abadan durmuşda ýaşamaklary üçin hem ençeme aladalar edilýär. 
     Gözel ýurdymyzyň ähli künjeklerinde esasan-da gözel Arkadag şäherimizde döwrebap, häzirki zaman inawasion enjamlar ornaşdyrylan saglyk edaralary, sport merkezleri halkyň oňaýly, sagdyn durmuşda ýaşamaklary üçin gurulyp ulanylmaga berildi. Şol sanda hem Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň sport baradaky alyp barýan döwlet syýasaty netijesinde her ýylyň 7 – nji aprelini «Bütin dünýä Halkara Sport güni» diýlip yglan edildi. Şol mynasybetli hem aprel aýynda sport merkezlerinde, ähli edaralarda sportyň dürli ugurlary boýunça bäsleşikler, birnäçe sport çäreleri geçirilýär. Muňa mysal edip ýakynda Arkadag şäherinde «Bütin dünýä Halkara Sport güni» mynasybetli geçirilen Welosipet ýörişi muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Bu dabaraly ýörişde Arkadag şäheriniň çäklerinde ýerleşýän ýörite, orta hem-de ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýaşlarynyň ajaýyp tans çykyşlary, dabara has-da ruhy lezzet paýlady.
Sagdynlygyň, ruhubelentligiň mekany bolan gözel ýurdymyzda milli sportymyzyň şan şöhraty barha dabaralanýar. Sportyň dürli ugurlary boýunça geçirilýän halkara bäsleşiklerde biziň türgenlerimiziň baýrakly orunlara mynasyp bolmagy, ýurdumyzyň at-abraýyny has-da ýokarlandyrdy.
      
«Ýekelikde aýdym aýtmak sungaty» bölüminiň mugallymy 
Meýlis ORAZOW

Paýlaş

Salgymyz:

Arkadag şäheriniň Nury Halmämmedow köçesiniň 3-nji jaŷy

Telefon belgiler:
+993 12-57-19-24
Email:
sysm@sanly.tm