“Bitarap Türkmenistan — medeni ösüşiň we parahatçylygyň mekany”
2025-nji ýyl — ýurdumyzyň döwlet Garaşsyzlygynyň we hemişelik Bitaraplygynyň taryhynda aýratyn ähmiýetli sene. Bu ýyl türkmen halky Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň halkara derejesinde ykrar edilmeginiň 30 ýyllygyny giňden belleýär. Şunuň bilen bir wagtda, 2025-nji ýyl Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan Türkmenistanyň diýarymyzyň teklibi bilen “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan edildi. Bu çözgüt ýurdumyzyň bitaraplyk ýörelgeleriniň dünýä derejesinde has-da pugtalanýandygyny görkezýär. Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan alnyp barylýan döwlet medeniýet syýasaty milli mirasy goramak, döwrebap medeni infrastruktura döretmek, halypa-şägirtlik däbini ösdürmek hem-de dünýä ýüzüne türkmen medeniýetiniň-sungatynyň baýlygyny tanatmak ugrunda giň mümkinçilikleri açýar. Soňky ýyllarda täze muzeýler, teatrlar, medeniýet merkezleri gurlup, ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda döwrebap sazçylyk mekdepleri açyldy. Bu işler halkyň döredijilik ruhuny ösdürmekde we ýaş zehinleri ýüze çykarmakda uly ähmiýete eýe boldy.
Türkmenistanyň hemişelik bitaraplyk syýasaty diňe syýasy-diplomatik ugry däl, eýsem, medeniýetiň, sungatyň, ylmyň we jemgyýetiň ähli ugurlarynyň ösüşi üçin giň mümkinçilikleri açdy. Bitaraplyk döwründe Türkmenistan dünýäniň onlarça döwleti bilen medeni hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýdy. BMG, ÝUNESCO, Yslam hyzmatdaşlyk guramasy, hem-de beýleki halkara guramalar bilen bilelikde dürli medeni taslamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. ÝUNESCO-nyň miras sanawyna girizilen “Görogly” eposy, dutar çalmak we bagşyçylyk sungaty, Küştdepdi tansy, şeýle hem Görogly dessanynyň dürli görnüşleri türkmen medeniýetiniň dünýä derejesinde tanalmagynyň aýdyň mysallarydyr.
Bitaraplyk döwründe türkmen sazynyň dünýä ýaýylmagy aýratyn derejede ösdürildi. Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestriniň, kamera orkestrleriniň, halk aýdymçy-sazandalarynyň we milli tanslary ýerine ýetiriji toparlarynyň çykyşlary halkara sahnalarynda uly üstünlik gazandy. Türkmen kompozitorlarynyň döreden eserleri — Daňatar Öwezowyň operalary, türkmen simfoniki sazlarynyň düýbüni tutujy Welimuhammet Muhadowyň simfoniýalary, Aşyr Kulyýewiň halk sazyna ýugrulan eserleri, Nury Halmämmedowyň kinofilmler üçin döreden milliligimiziň ajaýyp nusgasy bolan sazlary, meşhur halk sazandalary Täçmämmet Suhangulyýewi, Mylly Täçmyradowy, Magtymguly Garlyýewi, başga-da birnäçe bagşy sazandalary görüp ulalan, olaryň döredijiliginden ylhamlanan Nury Muhadowyň saz eserleri, şeýle hem häzirki döwürde döredijiligini dowam etdirýän ýaş sazandalaryň işleri dünýäniň dürli ýurtlarynda ýerine ýetirilýär. Şükür bagşy, Amangeldi Gönübek, Hally bagşy, Mylly Täçmyradow, Sahy Jepbarow, Jepbar Hansähedow, Orazgeldi Ylýasow, Mäne Garaýew, Nurýagdy Baýramow, Ýolaman Nurymow, Orazmyrat Annanepesow we başga-da birnäçe halk aýdym-saz sungatynyň görnükli wekilleriniň döredijilikleri öwrenilýär. Ýurdumyzda hereket edýän teatrlara we muzeýlere, kitaphanalara we sungat ojaklaryna olaryň atlary dakylyp ebedileşdirilýär. Bu hem halypa-şägirtlik ýolunyň dowam etdirilmegine, milli saz mekdebiniň pugtalanmagyna giň mümkinçilik döretdi.
Bitaraplyk döwründe ýurdumyzyň ähli künjeklerinde sazçylyk we medeni ojaklarynyň döredilmegi bilen birlikde, halypa-şägirtlik däbi täze many bilen baýlaşdy. Köne ussatlaryň tejribesini ýaşlara geçirmegiň döwrebap usullary kemala geldi. Sazçylyk mekdeplerinde, ýörite okuw jaýlarynda täze programma we gollanmalaryň işlenip düzülmegi, döredijilik toparlarynyň döredilmegi, ýaş zehinleriň halkara bäsleşiklerde çykyş etmegi şu ýörelgäniň üstünlikli dowam edýändiginiň subutnamasydyr. Bu ýol diňe saz sungatynda däl, eýsem, teatrlarda, muzeýlerde, şekillendiriş sungatynda, tans sungatynda hem giň gerimde alnyp barylýar.
Soňky ýyllarda ýurdumyzyň teatrlary täze döwrebap sahna enjamlary bilen üpjün edilip, ýaş režissýorlaryň we artistleriň döredijilik mümkinçilikleri giňeldi. Milli drama we opera teatrlarynda täze sahna oýunlary, milli temalarda döredilen operalar görkezilýär. Muzeýlerimizde täze sergiler, taryhy gymmatlyklar bilen tanşdyrýan sanly tehnologiýalar ornaşdyryldy. Şekillendiriş sungaty ulgamynda-da ýaş suratkeşleriň döredijiligi halkara sergilerde üstünlik gazanýar.
Bitaraplyk syýasaty Türkmenistanyň dünýä döwletleri bilen medeni gatnaşyklarynyň täze ugurlaryny açdy. Ýurdumyzyň medeniýet ministrligi bilen dünýäniň onlarça döwletiniň degişli edaralarynyň arasynda baglaşylan hyzmatdaşlyk şertnamalary netijesinde türkmen sungaty dünýäniň dürli künjeklerinde tanaldy. Türk, rus, fransuz, ýapon, hytaý, türkmen-parahatçylykly hyzmatdaşlyklarynyň çäklerinde geçirilen “Türkmenistanyň Medeniýet günleri” daşary ýurtly diňleýjileriň, tomaşaçylaryň arasynda uly gyzyklanma döretdi. Türkmen halk saz gurallarynyň sesinde ýaňlanýan milli aýdym-sazlar, milli keşdeler bilen bezelen lybaslar dünýäniň dürli ýurtlarynda türkmen halkynyň baý medeni mirasyny dabaralandyrdy.
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy — diňe bir parahatçylygyň däl, eýsem, döredijiligiň, medeni ösüşiň, halypa-şägirtlik ýolunyň we halk döredijiliginiň beýik baýramydyr. Bu ýyllaryň dowamynda halkymyzyň sazyna, söz sungatyna, tansyna, şekillendiriş we teatr sungatyna bolan söýgüsi täze derejelere ýetdi. Türkmen medeniýeti dünýäde parahatçylyk, dostluk we ynsanperwerlik ýörelgelerini dabaralandyrýan ygtybarly güýje öwrüldi. Bitaraplygyň 30 ýyllyk baýramy we 2025-nji — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň milli ruhy, ýurdumyzyň ähli döredijilik işgärlerine täze ylham paýlaýar, täze sepgitlerde üstünliklere ýetmäge uly itergi berýär.
Milli aýdym-sazlarymyzyň, milli medeni mirasymyzyň dünýäde ykrar edilmeginde ähli tagallalary edýän, bizi asuda Asmanyň astynda, parahat Zeminiň üstünde ýaşadýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, peder ýoluny üstünlikli dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, umumadamzat bähbitli döwletli işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!
Gülälek AKMYRADOWA,
“Üflenip we kakylyp çalynýan saz
gurallary” bölüminiň müdiri.