Parahatçylyk owazy

Parahat, asuda-abadan Watanymyzyň gözel tebigaty, göwünaçyk adamlary, mahmal aýdym-sazy bilen haýrana galdyrýan ýurt. Mylaýym türkmen sazy ynsany täsin gözellik dünýäsine aralaşdyryp, duýgularyny näzikleşdirýär,  ajaýyplyklary söýmegi öwretýär. Aýdym-sazyň jadylaýjy owazy ynsanyň kalbyny lerzana salýar, mawy asman bilen mele topragyň arasyndaky zemin giňişliginde ak guwlar kimin ganat ýaýdyrýar. Çagajyk wagtymyz ertekiler ýygyndylary, çeper eserleri, rowaýatlary okanymyzda, mukamyň jadylaýjy güýji baradaky söhbetlere köp gabat gelerdik. Hakykatdanam, mukamlarda jadylaýjy gudrat, güýç bar. Şirinden labyzly aýdymlar, sazlar ynsan kalbyna ornaşyp, durmuşyna bezeg berýär, ruhuňy baýlaşdyrýar. Keremli topragymyz adamzadyň medeni ösüşiniň sallançagydyr. Milli däp-dessurlaryň emele gelmegi ynsan dünýäsiniň özgermegine hem-de ösmegine düýpli täsirini ýetiren medeni hadysalaryň möhüm ähmiýete eýedigine taryh şaýatdyr. Taryh mähriban halkymyzyň adam ömrüniň: çagalyk, oglanlyk, ýetginjeklik,  jahyllyk ýigitlik, gartaňlyk we garrylyk menzilleriniň iň bagtly pursatlary hakyndaky medeni gymmatlyklary däp-dessurlary biziň günlerimize çenli kämilleşip gelendigini ykrar edýär. Eziz  watanymyz Türkmenistan ruhubelentlik, tämiz ahlaklylyk, asyllylyk, mertlik, päk wyždanlylyk, myhmansöýerlik ynsanperwerlik bilen yklymlarda adygan halkymyzyň milli ýörelgeleriniň mertebesi bu gün dünýäde belentde ýaň salýar. Dünýä medeniýeti dünýä halklarynyň jemidir. Mes toprakda ekilen agajyň bol miwe getirişi ýaly, her bir halk öz medeniýeti bilen dünýä medeniýetiniň baýlaşmagyna uly goşant goşýar.
      Söz-köňlüň aýnasy, saz-göwün syrdaşy. Saz we söz sungatynyň gadryny bilýän ynsanlar ýagşylyk eýeleridir. 1963-nji ýylda belli türkmen prozaçysy Nurmyrat Saryhanowyň ‘‘Şükür bagşy’’ powesti barada düşürilen çeper filmiň baş gahrymany. Şükür bagşynyň gazma dutaryna daýanyp, sazyň gudraty bilen syýasy meselelere täsirini ýetirip bilendigini her bir türkmen üçin buýsançlydyr. Dutaryň jadylaýjy owazy bilen  dertden şypa tapylyşy hakynda asyrlaryň çuňlugyndan häzirki günlerimize çenli gelip manyly rowaýatlary döredipdir. Dutaryň islendik kakuwynyň dil bilen düşündirip bolmaýan jadysy, her perdesinde döreýän owazyň heniz açylmadyk syrlary bardyr.
      Sungat- älem, her bir sungat eseri älemdäki saýýaralar. Sungat eseriniň ýaşaýşy ruhy dünýä çaýýan nurundan duýulýar. Eseriň döreýşi hemişe syr bolup galýar. 
      Syýasat- täsin guraldyr. Onuň kömegi bilen diňe bir ol ýa-da beýleki döwletiň öňünde duran möhüm wezipeleri çözmek bilen çäklenmän, eýsem dünýäde parahatçylygy gorap saklap bolýar hem-de “deňlik”, “azatlyk”, “bagtyýarlyk”  ýaly düşünjeleri durmuşda rowaçlandyryp bolýar.
       Gural öz-özünden iş bitirmeýär. Şükür bagşy: ‘‘At-ýaragyň bitirýän işini dutar bitirip bilmezmi?’’-diýip soraýar. Başyna iş düşende şu soragda onuň bütin ömrüniň manysy jem bolýar. Elbetde biz ol soragyň jogabyny bilýäris. Ýöne sazanda bolmasa, dutar neýlesin, üstünde mert ýigit bolmasa, at neýlesin, esger bolmasa, ýarag neýlesin? 
        Şükür bagşynyň saz bilen gazanan ýeňişini ýazyjy Nurmyrat Saryhanow sözleri bilen eýeleýär. Ýazyjynyň  ajaýyp powestindäki hanyň sazandasy bolan Gulam bagşynyň ezber sazandadygyny Şükür bagşy turuwbaşdan duýýar. Onuň ýüregine howsala düşýär. Ýöne Şükür bagşynyň ýüregine düwen maksady yza çekilmäge ýol goýmaýardy. Ol özüniň güýçli sazandadygyny ykrar etdirmek üçin däl-de, eýsem, jany halas etmek üçin ýaryşa çykypdy. Bir ýa-da iki jany hem däl. Umuman, Şükür bagşynyň han bilen duşuşyp gürleşmegi, türkmen sazandasynyň, hakyky ilçi ýaly, asyrynlyk bilen pikir öwrüp bilýändigini görkezýär. Ol gürläninde seresaplylygy elden bermeýär, gürrüňi ýitileşdirmeýär, aýtjak zadyny göni aýdýar, ýöne şol bir wagtda hem sylag-hormat kadalaryndan çykmaýar, dogry sözläp özüne erk edip bilýär. Şeýlelik bilen, Şüküriň açyklygy, gaýduwsyzlygy, hem zehinliligi üçin, ony ýeňiji diýip yglan edilýär. 
 ‘‘Utuldy’’ diýlen Gulam bagşa doganlarça duýgudaşlyk bildiren hem diňe Şükür bagşy boldy. 
       ‘‘Şükür bagşy’’ çeper filmi tizara uly üstünlikleri gazanýar. 1964 ý. film Moskwa şäherinde ilkinji görkezilişi bolýar. Filmiň sazyny döreden ussat N. Halmämmedow hem türkmen sungatyna müdimi ýadygärlik galdyrdy.  Film terjime edilmegi onuň tomaşaçylarynyň sanyny has-da artdyrdy. 
        Aýdym-saz parahatçylygyň we asudalygyň goragçysy. Aýdymyň we sazyň güýji bilen ýurduň, halkyň, ar-namysyň halas edilişi hakyndaky gürrüňler ajaýyp rowaýatlara öwrülip, nesilden-nesle geçip gelipdir. Watan keramaty nirede bolsaňam, köňlüňe güýç berýän gudrat. Deňsiz-taýsyz eserler diňe Watana söýgüniň jadysyndan döreýär. Sungat diýmek, anyk bir manyda beýan edilende, söýgi diýmekdir. Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz-tagallary netijesinde milli medeniýetimizi, sungatymyzy ösdürmekde biz bagtyýar ýaşlara giň mümükinçilikleri döredip berilýär. Watanymyzy ýeňişli ýollar bilen öňe alyp barýan hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza egsilmez alkyş aýdaryn. Şeýle hem olaryň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli tutýan we bütin adamzat ähmiýetli tutumly işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini  tüýs ýürekden arzuw edýärin.
                  
                       “Üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary” bölüminiň 
                                             III-ýyl talyby Oguljahan Toşşyýewa

Paýlaş

Salgymyz:

Arkadag şäheriniň Nury Halmämmedow köçesiniň 3-nji jaŷy

Telefon belgiler:
+993 12-57-19-24
Email:
sysm@sanly.tm