“Saltyklar”. Halk aýdymy

Geçen asyryň 80-nji ýyllarynda Ýolöten şäherinde Rahman Allak diýen barjamly, orta ýaşlaryndaky adam Ýusup diýen oglany öýerip, uly toý berdi. Toýa bagşy edilip Ödenyýaz halypany Tagtabazardan çagyrypdyrlar. “Ödenyýaz Nobat aýtjakmyş...”-diýip, adam bary gelipdi.
Gün ýaşansoň nahar çekildi. Tabaklar ýygnaldy. Öde akga ortada ýazylan şahy ýorganyň üstüne geçdi. Ýeň çyzgaldy. Ilki 4-5 saz çalyndy. Bagşy çaý owurtlady-da aýdyma başlady. Ýöne näme üçindir halypa gyzyşybermeýärdi. Onsoň bagşynyň gabat garşysynda oturan garrylar biri-biri bilen pyşyrdaşdylar. Olaryň biri oturan ýerinden turdy-da märekeden çete çykdy we bir ýerlere gaýyp bolaýdy.
Aradan bir sagatrak geçensoň, ýaňky ýaşuly özündenem garry, ýöne daýanykly bir damy alyp geldi. Bu getirilen garry Öwlüýaguly (belki, Öwezdir) diýilýän adam diýdiler. Ol garry gele-gelmäge, elindäki hasasynam gönüläp, Öde halypa uzatdy-da:  “Ödenyýazjan, hany, dogry dursana!” -diýdi. Bagşy gop berlen ýaly bolup ýerinden böküp turyp: ”Oh, Öwwi akga, salawmaleýkim!” diýdi-de garryny garsa gujaklady. “Akgamyň dosty bi, adamlar!” diýip, Ödenyýaz damagyny dolduraýdy...
“Indi bagşynyň joşuşyna bir seret!” diýşip, bagşy diňlemäge üýşenler hümürdeşdiler. Onýança Ödenyýaz güwläp gyzyp ugrady. Bir salym ýadansoň, bir-iki käse çaýam içensoň, Öwez akga: “Ödäm, goçum, Nobatjanym maňa aýdyp berýänini bir görsene?!” diýdi...
“Ýemreli ilinde Gurban bagşy bardy. Oba ýagy çozanda, ýesir düşen eken. Eýranly han ony zyndana salypdyr. “Yzyndan hossarlary gelip, mal-dünýä berip alyp gider” diýip umyt edýär eken.
Zyndanyň garawuly Gurban bagşynyň zyndandan gaçyryp, şäheriň çetine eltip, eline-de bir saralyp giden köneje ýaglyga düwlen gaty nany hemem kiçijik küýzede suw berip, gyssanmaç yzyna gaýdypdyr. Bolsa, bir aýak ýoluna giderlik wagt geçendir-dä, ana, uzakdan tozan göründi, at aýaklarynyň sesi eşidilip başlandy... kowgy!!! Tutdylar!
“Gaýdyp gaçmanjyk geçersiň...” diýip, gazaply han onuň iki aýagyny dyzyndan çapdyrypdyr. Tebipler em edip duransoň, iki aýa ýetip-ýetmän, bagşynyň ýaralary bitişipdir...
...Dosty muny ýene-de alyp gaçýar. Bu gezek ony şäherden has aňyrrak äkidip, çöplügiň içinde oturdyp gaýdýar. “Eý, Alla, ýene tozan, ýene at aýagynyň sesleri..!”
Han bu gezek Gurban bagşynyň iki gözüni oýdurýar. Tebipler sebäp! Bagşynyň göz çukanagy kyrk günden bitişipdir. Ana, bir oturan kör, ýöne!...
...Dosty muny ýenede zyndandan alyp gaçýar. Indi ony türkmenlere eltýän ýoluňam daga ýakynrak ýerinde gür oturan garaklaryň arasynda oturdyp: “Wah, jan dostum, indi welin han seniň kelläňi islär! Alla ýaryň bolsun!...” diýip, aglaý-aglaý yzyna dolanypdyr.
Aý, näme başa gelse görübermeli-dä! Ana, bir sagat-ýarym sagatdan ýenede at toýnaklarynyň sesi eşidilip başlandy. “Hä, haram şaýynyň ýurdunda armanly ölmeli boldum-ow...” diýip, hoňk-hoňklap aglamaga durdy...
...”I-i-i-ih! Türki sözleşýärler-how! Özem iki adam ýaly-la! Aý, şular-a öz türkmen janlarym-how!” diýip, halys ruhdan düşen bagşy çöpleriň arasynda guma bulaşyp oturan ýerinden şu namany gaýyrdy! Gör, bak, näme diýer?!
                        Dur, gardaşym, senden habar alaýyn,
                        Artyknyýaz atly ýarym amanmy?
                        Selbi dek boýlary, aý dek ýüzleri,
                        Ak ýüzünde zülpi tarym amanmy?

                        Aby-zemzem suwy-çeşme bulagy, 
                        Amanmyka gözelleriň awlagy,
                       Hindistanda biten Rumy tüwlegi
                       Samarkantda biten narym amanmy?

                       Ýadymdan çykarman her şamy-şäher,
                       Ýaryldy ýüregim, tiz bergil habar,
                       Dilleri totuýa, lebleri semer,
                       Ak ýüzünde zülpi tarym amanmy?

                      Her agaçda alma bolmaz, nar bolmaz,
                     Çyn aşykda namys bolmaz, ar bolmaz,
                     Nikasyz ýarlardan maňa ýar bolmaz
                     Bilbil uçan şol gülzarym amanmy?

                    On dördi gijäniň şam salan Aýy,
                    Iki aşyk aýrylşyp, boldy sähraýy,
                    Magrupy  diýr, sen eýlegil haraýy,
                    Wadaly, wepaly ýarym amanmy?...

Bagşy elini galgadyp: “Wah, janlara, mähribanlar-a, goçlara, är dostlar-a, bäri geliň-ä! Dadym-a ýetiň-ä!”... diýip bagyryberdi.
Türki-türkmençe gürleşip gelýän atlylar türkmen baýynyň söwda kerweniniň sakçy-janpenalary eken. Kerwen bolsa mundan Öwwi akgaň gatlasy ýaly aralykdan gelýär. Biri-birine: “Heý, bir ses bar-la! Bir-ä el salgaýar. Nama aýdýar-la! Bi, biziň Gurban janymyz ýaly-la! Sesäm, hörpäm agynjak özi-dä...!”. agtaryp, tapyp, gujaklaşyp aglaşdylar. Atyň syrtyna mündürip yzdan gelýän kerwene tarap sürdüler...
...Daňdanlar türkmen kerweni Köpetdagyň beýgelen ýerine ýetdiler. Şemalam türkmen obasyna, Gurban bagşynyň obasyna tarap öwsüp dur. Howa-da tämiz. Kerwendäkileriň hemmesem bagşynyň, her niçik hem bolsa, başynyň dikligine hoşal. Halasgärleriň biri: “Gurban akga, hälki bizi çagyryp aýdan aýdymyňy ýene eşideli-le?” diýip, bagşynyň egnine elini goýdy. Gurban hasam joşup gaýtalady.
Habary kimden al, Gurban bagşynyň öýünden al!
Daňdan wagty Gurbanyň gelni düýe sagmaga çykdy. Gulagyna äriniň owazy eşidildi. Ylgap öýe girip, dünýäni unudyp, hor çekip uklap ýatan gaýnenesini yralap: “Enesi, aý, enesi, turuň, turuň! Ogluňyz gelýär! Buşluk! Daşarda sesi geldi...” diýýär. Gaýnenesem oýanjak ýaly etdi-de: “Ogul gelermi? Ol bireýýäm bu dünýede ýokdur! Bar, geç-de ýat...!”diýip samyrdaýar. Gelin ýene: “Gelýär, sesini eşitdim-ä!” diýýär. “Goý, janym, saňa ärsirän heleý diýerler. Bar, ýat ahyry” diýip, gaýnenesi gaýtadan hor çekip başlady...
...Gün guşluk bolanda, kerwen oba geldi. Çagalar alagalmagal bolşup iki ýana çapalap ýörler. Bagşynyň ejesine-de buşluk etdiler.
“...Gurban jan, ezizim, är bolan ýigidim, har bolan ýigidim! Sen şu gün daňdan aýdym aýtdyň öýdýän? Hä?”
Bagşy baş atdy.
Gaýtalap berdi.
                                    Netije
“Keçpelek” mukamy tüýs ýerinde ulanyldy, ýöne diňe şol-da! Asla-ha biziň ýas mukamlar gorumyz baýlaşdyrylýarmyka?! Resurslar-a ýeterlik. “Daglar”, “Saltyklar”, “Aýjemal”...ýaly halk aýdymlary ezizini aldyranyň agysyny aňryýany bilen aglap berýärler. “Ene, men Garybam, Garyp!” aýdymyny “ýüregi ýaraly”, dünýeden ahmyrly diňleýjiler, köplenç, aglaman diňläp bilenoklar. “Ölüm görki agy” diýýändirler. Belki, “agy görki ýas sazynyň goldawydyr”...
Ödenyýaz bagşy rowaýatam, aýdymam tamamlanda, Öwez aganyň boýur-boýur ýaş dökenini görüpdi...
Halk aýdymlaryndaky, şol sanda “Saltyklardaky” eňremeler indi, gör, näçe asyrlardan bäri biziň milletimizde dözmezjanlygy, adamsöýüjiligi, gaýduwsyzlygy, erjelligi, merdi-merdanalygy, watançylygy, arassa ahlagy terbiýeläp gelýärler.

 “Sazyň taryhy we nazaryýeti” bölüminiň mugallymy 
Meretgulyýewa Ogulnabat

Paýlaş

Salgymyz:

Arkadag şäheriniň Nury Halmämmedow köçesiniň 3-nji jaŷy

Telefon belgiler:
+993 12-57-19-24
Email:
sysm@sanly.tm