“Ýaşlaryň döredijiligi – parahatçylygyň owazy”

        Gahryman Arkadagmyzyň beýik başlangyçlaryny mizemez ýörelge edinýän  hormatly Gahryman Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlarynda giň gerimli özgertmeler üstinlikli amala aşyrylýar. Munuň özi ata Watanmyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesiniň  ynsanperwer ýörelgelerine gyşarnyksyz eýerýändigi  bilen berk baglanşyklydyr. Halkymyz Garaşsyzlyk binasy ýaly, paýtagta uzaklardan görk berip duran Bitaraplyk binasyny hem buýsanjyň belentligine deňeýär. 95metr belentlik durky-duşuna türkmeniň taryhynda sözleýär. Ol türkmen ojagyndaky tamdyr ýaly mukadesdir. Asyl-ha, Bitaraplyk binasynyň aýaklary üç bolmagynyň “Tagan aýagy üç bolar, biri-birine güýç bolar” diýen nakyly getirmegi tüýs döwletmentlikden. Şu ýylyň awgust aýynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda dünýäniň 104 döwletinden, halkara guramalaryň 46-syndan wekilýetleriň gatnaşmagynda, BMG-niň Deňze çykalgasy  bolmadyk ösup barýan döwletler boýunça üçinji maslahat ýokary derejede geçirildi. Ýakynda Hormatly Prezidentimiz BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji ýubileý sessiýasynyň ýokary derejeli plenar mejlisinde çykyş edip, tutuş adamzat üçin möhüm ähmiýete eýe bolan taze başlangyçlary öňe sürdi. Döwlet Baştutanymyzyň beýan eden başlangyçlary umumadamzat üçin ýokary halkara ähmiýete eýedir. Şolaryň hatarynda BMG-niň Baş assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň gün tertibine “Bitaraplyk –parahatçylygyň we howpsuzlygyň hatyrasyna” atly aýratyn bendi girizmek Parahatçylyk we ynanyşmak medeniýet meseleleri boýunça bütindünýä sammitini “Merkezi Aziýa-parhatçylykda ýaşamagyň giňişligi” atly halkar forumy, Hazar ekologiýa forumyny geçirmek, Halkara  arassaçylyk gününi, 2026-2035-nji ýyllar üçin BMG-niň üçin 2028-nji ýyly “Halkara  Hukugyň ýyly” diýip yglan etmek baradaky we beýleki başlangyçlary görkezmek bolýar. Şunda 2025-nji ýylyň dekabrynda Halkara parahatçylyk we ynynyşmak ýylyna, halkara Bitaraplyk günine hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýylygyna bagyşlanyp geçiriljek iri halkara forumyň ýokary ähmiýete eýe boljakdygyny ynamly aýdyp bolýar. Türkmenistan döwletimiz bu halkara çärani ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmäge giňden taýýarlyk görýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrinde mähriban Watanymyzyň  abraý-mertebesini has-da belende göterýär. Gahryman Arkadagymyza Arkadagly Gahryman  Serdarmyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, il-ýurt bähbitli alyp barýan beýik işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

“Üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary” 
böliminiň II ýyl talyby Nowruz Berdiýew

Paýlaş

Salgymyz:

Arkadag şäheriniň Nury Halmämmedow köçesiniň 3-nji jaŷy

Telefon belgiler:
+993 12-57-19-24
Email:
sysm@sanly.tm